HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ADA uniwersitetiniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

Ýanwar 30, 2026 | 19:05 |7790
Şu gün Azerbaýjanyň ADA Uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda sanly ulgam arkaly onlaýn duşuşyk geçirildiŞu gün Azerbaýjanyň ADA Uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda sanly ulgam arkaly onlaýn duşuşyk geçirildi
Çeşme: Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy

Şu gün Azerbaýjanyň ADA Uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda sanly ulgam arkaly onlaýn duşuşyk geçirildi. Oňa ADA Uniwersitetiniň prorektory Fariz Ismaýilzade, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, şeýle hem Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow we Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow gatnaşdylar. Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň web sahypasyda habar berilýär.

Duşuşykda bu iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym we bilim ulgamynda bar bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi nygtaldy we bu babatda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek Ähtnamasyna laýyklykda, bilelikdäki akademiki çäreleri geçirmek, özara tejribe alyşmak, ylmy we amaly maslahatlary guramak, leksiýalary we seminarlary geçirmek, mugallymlary we talyplary alyşmak, şeýle hem ylmy neşirler boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ADA uniwersitetinde geçirilen okuwlara Türkmenistanyň diplomatlarynyň we talyplarynyň gatnaşandygy bellenildi.

Azerbaýjan-Türkmenistan bilelikdäki Hökümetara toparynyň ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde hem möhüm rol oýnaýandygy, özara taslamalar we akademiki başlangyçlar arkaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegine goşant goşýandygy barada aýdyldy.

Şeýle-de, ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş maslahatynda 15-nji dekabryň "Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni" diýlip yglan edilmegine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan möhüm waka barada ýokary okuw mekdepleriň arasynda bilelikdäki çäreleri guramak mümkinçiliklerine seredildi.

Bulardan başga-da bar bolan hyzmatdaşlyk ulgamlarynyň çäklerinde ylym-bilim ulgamyndaky işleriň geljekki ugurlary barada pikir alyşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026