HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý we Beýik Britaniýa özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr

Ýanwar 30, 2026 | 19:50 |3584
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň Premýeri Li Sian Pekinde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Li Sian taraplaryň Hytaý – Beýik Britaniýa gatnaşyklaryny uzak möhletleýin ösdürmek boýunça esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşandygyny aýtdy.

Premýer-ministr Kir Starmeriň bu resmi sapary Beýik Britaniýanyň premýer-ministriniň soňky sekiz ýylda Hytaýa ilkinji sapary bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny görkezýändir.

Premýer Li Sian Hytaýyň strategik dialogy pugtalandyrmaga, özara ynamy güýçlendirmäge hem-de maliýe, emeli intellekt, ýokary tehnologiýaly önümçilik, arassa energiýa, sanly ykdysadyýet we häzirki zaman deňiz gatnawy ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem ol ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini we hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, Beýik Britaniýany Hytaý kompaniýalary üçin adalatly işewür gurşawy üpjün etmäge çagyrdy.

Halkara meselelerine ýüzlenip, Li Sian Hytaý bilen Beýik Britaniýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary hökmünde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmelidigini, köptaraplaýynlyk we erkin söwda ýörelgelerine ygrarly bolmalydygyny hem-de adalatly halkara tertibini berkitmelidigini aýtdy.

Premýer-ministr Kir Starmer Beýik Britaniýanyň açyk dialoga, erkin söwda ýörelgelerine we ykdysady, söwda hem-de medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem ol Hytaý kompaniýalarynyň Beýik Britaniýada maýa goýmagyna we hyzmatdaşlyga gatnaşmagyna hoşniýetli garaýandygyny mälim etdi.

Gepleşikleriň netijesinde, ykdysadyýet we söwda, oba hojalygy, media, bilim we bazary düzgünleşdirmek ýaly birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk resminamalaryna taraplar gol çekdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026