HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý bilen Azerbaýjan strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Ýanwar 30, 2026 | 07:15 |3877
Wan I we Jeýhun Baýramow Pekinde Hytaý-Azerbaýjan strategik hyzmatdaşlygyny, ähliumumy başlangyçlary we «bir Hytaý» ýörelgesini ara alyp maslahatlaşdylar.Wan I we Jeýhun Baýramow Pekinde Hytaý-Azerbaýjan strategik hyzmatdaşlygyny, ähliumumy başlangyçlary we «bir Hytaý» ýörelgesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň daşary işler ministri Wan Ýi hepdäniň çarşenbe güni Pekinde Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyk geçirdi.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy hem bolan Wan Ýi, Hytaý bilen Azerbaýjanyň gatnaşyklarynyň döwlet baştutanlarynyň strategik ylalaşyklaryna esaslanýan, ygtybarly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini belledi. Ol halkara derejesindäki ýagdaýlaryň üýtgäp durmagyna garamazdan, Hytaý döwletiniň Azerbaýjan bilen gatnaşyklaryna hemişe uzak möhletli strategik nukdaýnazardan çemeleşjekdigini aýtdy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň esasy milli bähbitlerine degişli meselelerde Azerbaýjanyň yzygiderli berýän goldawyna ýokary baha berdi.

Jeýhun Baýramow öz gezeginde Azerbaýjanyň Hytaý döwletiniň ösüşini tutuş dünýä üçin mümkinçilik hökmünde görýändigini, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen dört sany ählumumy başlangyjy goldaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Azerbaýjanyň “bir Hytaý” ýörelgesine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady we Ählumumy Dolandyryş boýunça Dostlar Toparyna goşulmaga taýýardygyny beýan etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026