HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Ottawa diplomatik garaýyşlary sazlaýarlar

Ýanwar 28, 2026 | 00:43 |9107
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen-kanada gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüldiTürkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen-kanada gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüldi
Çeşme: mfa.gov.tm

Aşgabat | ORIENT. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen-kanada gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüldi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Astanadan türkmen paýtagtyna gelen Kanadanyň ilçisi Kristofer Daggan bilen duşuşyk geçirdi.

Geografik taýdan uzak ýerleşendigine garamazdan, Aşgabat bilen Ottawa dünýä gün tertibiniň esasy meselelerine çemeleşmelerinde ýakynlygyny görkezýärler. Bu ýakynlygyň binýady Birleşen Milletler Guramasynyň münberinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak boýunça köpýyllyk oňyn tejribä esaslanýar.

Duşuşykda şu ýyl üçin anyk ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi: söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden janlandyrmak hem-de medeni alyş-çalyşy giňeltmek. Bu işe hukuk taýdan güýç bermek maksady bilen, taraplar şertnamalaýyn hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada ylalaşdylar. Bu bolsa işewürlik we maýa goýumlar üçin zerur «binýady» döreder.

Duşuşygyň amaly netijeleriniň biri hökmünde şu ýyl doly derejeli DIM-ara geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu diplomatlara umumy ugurlardan anyk taslamalary, hususan-da ynsanperwer we tehnologik ugurlardaky hyzmatdaşlygy baradaky maslahatlaşmalara geçmäge mümkinçilik berer.

turkmenistan-canada-diplomatic-talks-ashgabat (2).jpg


Kanada bilen Türkmenistan dürli ýarymşarlarda ýerleşse-de, ýurtlaryň umumy «ösüş nokatlary» bar. Ilkinji nobatda, bu agrosenagat toplumy we suw hojalygy üçin ýokary tehnologiýalardyr. Çylşyrymly howa şertlerine uýgunlaşmak boýunça kanada tejribesi bu ugurda nusgalyk hasaplanýar. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlarynyň arasynda «ýaşyl» energetika we awiasiýa bar — bu ugurlarda kanada kompaniýalary adaty ýagdaýda dünýäniň öňdebaryjylarynyň hatarynda durýar. 2026-njy ýylda DIM-ara geňeşmeleri geçirmek baradaky karar taraplaryň protokol tanyşlygyndan amaly innowasiýa transferine geçmäge taýýardygyny görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026