HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin Wetnamyň lideri To Lam bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi

Ýanwar 28, 2026 | 23:45 |4808
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hepdäniň duşenbe güni Wetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary To Lam bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi. Hytaýyň Döwlet Baştutany To Lamy Wetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanylmagy we Wetnamyň Kommunistik partiýasynyň XIV gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Si Szinpin Hytaý bilen Wetnamyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmalydygyny, strategik utgaşyklygy çuňlaşdyrmalydygyny hem-de ösüşi we döwrebaplaşmagy bilelikde öňe ilerletmelidigini aýtdy. Şeýle hem ol döwlet dolandyryşy, ösüş strategiýalary we halkara gatnaşyklary boýunça utgaşykly hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, sosializmi goramak we adamzat jemgyýetini ösdürmek ugrunda bilelikdäki tagallalara çagyrdy.

Wetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary To Lam Hytaý liderine gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Hytaý – Wetnam gatnaşyklary boýunça kesgitlenen alty sany esasy maksatnamanyň çäginde hyzmatdaşlygy berkitmeklige Wetnamyň ygrarlydygyny tassyklady. Bu maksatnamalar syýasy ynamy pugtalandyrmagy, howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny we köptaraplaýyn utgaşyklylygy öz içine alýar.

To Lam Wetnamyň “bir Hytaý” ýörelgesine ygrarlylygyny, şeýle-de “Bir guşak – bir ýol” başlangyjyny we Hytaý tarapyndan öňe sürlen ösüş, howpsuzlyk, medeniýet we dolandyryş boýunça başlangyçlary goldaýandygyny ýene bir gezek tassyklady. Iki ýurduň döwlet baştutanlary Täze ýyl mynasybetli birek-biregi gutlamak bilen, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026