HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze iri üstaşyr howa menzilleri uçuşlaryň geljegini üýtgeder

Ýanwar 26, 2026 | 19:00 |4966
Ýakyn ýyllarda dünýä awiasiýa pudagy düýpli üýtgeşmeleri başdan geçirer. Dürli ýurtlarda halkara howa menzillerini açmak we giňeltmek meýilleşdirilýärÝakyn ýyllarda dünýä awiasiýa pudagy düýpli üýtgeşmeleri başdan geçirer. Dürli ýurtlarda halkara howa menzillerini açmak we giňeltmek meýilleşdirilýär
Çeşme: Euronews

Ýakyn ýyllarda dünýä awiasiýa pudagy düýpli üýtgeşmeleri başdan geçirer. Dürli ýurtlarda halkara howa menzillerini açmak we giňeltmek meýilleşdirilýär. Geljekde olar öz sebitlerinde iň iri ulag merkezlerine öwrülip, ýylda onlarça million ýolagça hyzmat edip biler.

Häzirki wagtda dünýäniň iň köp köp gatnawly howa menzilleriniň hataryna Londondaky Hitrou, Stambul howa menzili we Dubaý halkara howa menzili girýär. Emma indiki onýyllygyň dowamynda olaryň hataryna Ýewropada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada ýerleşjek täze mega-howamenziller goşular.

Şeýle taslamalaryň biri Polşada guruljak Port Polska howa menzilidir. Ozal Centralny Port Komunikacyjny (CPK) ady bilen tanalan bu howa menzilini 2032-nji ýylda Warşawa bilen Lodz şäherleriniň arasynda açmak meýilleşdirilýär. Iki uçuş-gonuş zolagyna eýe bolan bu howa menzili ýylda 40 milliona çenli ýolagça hyzmat edip, Ýewropanyň iň iri howa menzilleriniň birine öwrüler. Şeýle hem taslama demir ýol wokzalynyň gurluşygyny we Krakow, Gdansk hem-de Wroslaw bilen ýokary tizlikli demir ýol gatnawynyň ýola goýulmagyny göz öňünde tutýar. Binagärlik konsepsiýasy britan Foster + Partners býurosy tarapyndan işlenip düzülýär, gurluşyk işlerine bolsa ýakyn wagtda başlamak meýilleşdirilýär.

Birleşen Arap Emirliklerinde hem möhüm üýtgeşmeler garaşylýar. Häzirki wagtda Dubaý halkara howa menzili dünýäde iň köp ýolagça hyzmat edýän howa menzilleriniň biridir, emma geljekde esasy ýolagçy akymy Dubai World Central Al Maktoum International howa menziline geçirilmegi meýilleşdirilýär. Meýilnamalara görä, 2032-nji ýyla çenli DWC Emirligiň esasy awiasiýa merkezine öwrüler. Giňeldiş işlerinden soň, howa menzili bäş uçuş-gonuş zolagyna eýe bolup, ýylda 150 million ýolagça hyzmat edip biler.

Saud Arabystanynda hem iri taslama durmuşa geçirilýär. Er-Riýadda gurulýan Patyşa Salman halkara howa menzili häzirki terminalary birleşdirip, dünýäniň iň uly howa menzilleriniň birine öwrüler. Taslama alty sany parallel uçuş-gonuş zolagyny öz içine alar. Howa menziliniň geçirijilik ukyby 2030-njy ýyla çenli 120 milliona, 2050-nji ýyla çenli bolsa 185 million ýolagça ýetirilmegi meýilleşdirilýär.

Afrikada bolsa iň iri awiasiýa merkezini Efiopiýadaky Bişoftu halkara howa menzili hökmünde döretmek meýilleşdirilýär. Ol Addis-Abebadan takmynan 40 kilometr uzaklykda gurulýar. Zaha Hadid Architects tarapyndan taýýarlanan taslama laýyklykda, ýylda 60 million ýolagça hyzmat edip biljek ilkinji tapgyry 2030-njy ýyla çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar. Geljekde howa menzilini ýylda 110 million ýolagça çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Ýokary tizlikli demir ýol täze howa menzilini paýtagt we häzirki howa menzili bilen baglanyşdyrar. Bilermenleriň bellemegine görä, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi halkara logistika we ýolagçy daşamalary ulgamynda täze ulag merkezleriniň ornuny güýçlendirip, dünýä awiasiýa kartasyny ep-esli üýtgeder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026