HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

Ýanwar 23, 2026 | 19:50 |8068
2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap D.Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap D.Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap D.Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellep geçdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

23012026-turkmenistan-georgia-parliamentary-dialogue-tbilisi-meeting (4).jpg

Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara ugry boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şunlukda, birek-birege ynamy berkitmäge we tejribe alyşmaga ýardam berýän ýokary derejeli saparlaryň we parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň ornuny aýratyn beläp geçdiler.

Konstruktiw we durnukly döwletara gepleşikleri ilerletmegiň möhüm guraly bolup durýan parlamentara dostluk toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

23012026-turkmenistan-georgia-parliamentary-dialogue-tbilisi-meeting (1).jpeg

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny hem-de gyzyklanmalaryny bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026