HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan SPECA-nyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk meýdançasyna öwrülmegine ýardam berýär

Ýanwar 20, 2026 | 23:43 |7594
Türkmen paýtagtynda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow SPECA-nyň Ykdysady forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň Maksatnama başlyklyk ediji hökmünde bu sebiti diňe bir geografik zolak däl-de, eýsem bitewi, innowasion we ýokary tehnologiýaly bazar hökmünde görýändigini aýratyn bellediTürkmen paýtagtynda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow SPECA-nyň Ykdysady forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň Maksatnama başlyklyk ediji hökmünde bu sebiti diňe bir geografik zolak däl-de, eýsem bitewi, innowasion we ýokary tehnologiýaly bazar hökmünde görýändigini aýratyn belledi
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 20-nji ýanwar | ORIENT. Türkmen paýtagtynda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow SPECA-nyň Ykdysady forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň Maksatnama başlyklyk ediji hökmünde bu sebiti diňe bir geografik zolak däl-de, eýsem bitewi, innowasion we ýokary tehnologiýaly bazar hökmünde görýändigini aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagyny seljerip, paýtagtydaky çekişmeleriň esasy temalaryna öwrüljek aşakdaky ileri tutulýan ugurlary tapawutlandyrmak bolar:

Hazar özara baglanyşygy: Türkmenistan «daşarky energetika özara baglanyşygyny » ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykarýar. Bu bolsa Hazar deňzi sebitiniň Ýewraziýanyň bazarlaryny üpjün edýän iň iri energetika merkezine öwrülýändigini aňladýar.

Sanly we «ýaşyl» ösüş: SPECA-nyň gün tertibine elektron söwda we ekologik taýdan arassa tehnologiýalar boýunça taslamalaryň girizilmegi. Aşgabat agza döwletlere umumy innowasiýalar we maýa goýumlar bazaryny döretmegi teklip edýär.

Ulag diplomatiýasy: Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň alty sany kararnamasyna esaslanyp, ýurt dünýä ykdysadyýetiniň üýtgeýän şertlerinde ygtybarly düzümi döretmek boýunça «anyk bilelikdäki ädimlere» geçmegi teklip edýär.

Suw-energetika deňagramlylygy: SPECA-nyň suw we daşky gurşaw boýunça ýöriteleşdirilen toparynyň işine aýratyn üns berler — bu tutuş Merkezi Aziýa üçin örän möhüm meseledir.

Konsepsiýa-2030: Forum geljek onýyllyk üçin Maksatnamany ösdürmegiň uzak möhletleýin strategiýasyna badalga berilýän meýdança öwrülmelidir.

«Ykdysady forum Türkmenistanyň SPECA-nyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň giň meýdançasyna öwrülmegine işjeň ýardam edýändiginiň tassyklanmasy bolar» — diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär.


SPECA-nyň hepdeliginiň çäreleri

Sebit üçin ýylyň esasy wakasy 2030-njy ýyla çenli hyzmatdaşlygyň täze binýadyny kemala getirmek maksady bilen diplomatlary, ykdysatçylary we dünýä derejesindäki bilermenleri birleşdirýär. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän çäreleriň maksatnamasy sebitiň ykdysadyýetiniň ähli möhüm ugurlaryny öz içine alýar:

20-nji ýanwar, sişenbe güni— bilermenler güni

— Iki sany esasy ugur boýunça işçi toparlarynyň mejlisleri:

Suw we energetika serişdeleri, ekologiýa;

Durnukly ulag, üstaşyr geçelgeler we baglanyşyk.

21-nji ýanwar, çarşenbe güni — Ykdysady forumyň başlanmagy

— SPECA-nyň Ykdysady forumynyň açylyşy we mejlisi. Ýylyň esasy çekişme meýdançasy.

22-nji ýanwar, penşenbe güni — Strategiýa güni

— Forumyň dowamy: 2030-njy ýyla çenli ösüş Konsepsiýasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy.

— Ykdysatçylaryň duşuşygy: BMG-niň we SPECA agza döwletleriň hemişelik utgaşdyryjy wekilhanalarynyň arasyndaky dialog.

23-nji ýanwar, anna — Maýa goýumlar we liderlik

— Liderlik ukyplaryny ösdürmek boýunça 20-nji sessiýa.

— SPECA-nyň Köptaraplaýyn maksatly fondunyň Dolandyryjy komitetiniň 3-nji mejlisi. Bu ýerde geljekki taslamalary maliýeleşdirmek meseleleri çözülýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

16:58 Awgust 05, 2026
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026