HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türk Howa Ýollary tarapyndan Stambul bilen Tirana arasynda howa gatnawy 23-nji ýanwardan täzeden ýola goýlar

Ýanwar 20, 2026 | 19:45 |4545
Uçuş tertibine görä, Stambuldan Tirana we yzyna uçuşlar gündiz hem-de agşam sagatlarynda ýerine ýetiriler. TK1073 we TK1074 belgili gatnawlar duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri Stambuldan uçarUçuş tertibine görä, Stambuldan Tirana we yzyna uçuşlar gündiz hem-de agşam sagatlarynda ýerine ýetiriler. TK1073 we TK1074 belgili gatnawlar duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri Stambuldan uçar
Çeşme: turkishairlines.com

Turkish Airlines 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwaryndan başlap Stambul – Tirana (Albaniýa) – Stambul ugry boýunça howa gatnawlaryny täzeden başlar. Uçuşlar hepdede 7 gezek amala aşyrylar.

Uçuş tertibine görä, Stambuldan Tirana we yzyna uçuşlar gündiz hem-de agşam sagatlarynda ýerine ýetiriler. TK1073 we TK1074 belgili gatnawlar duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri Stambuldan uçar. Goşmaça TK1077 we TK1078 gatnawlary sişenbe, penşenbe, anna we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler.

Howa gatnawynyň täzeden açylmagy Türkiýe bilen Albaniýanyň arasyndaky ulag mümkinçiliklerini giňelder hem-de iki ýurduň arasynda işewürlik we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam eder.

Goşmaça maglumatlary Turkish Airlines awiakompaniýasynyň resmi saýtynda www.turkishairlines.com we sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda elýeterlidir.

Türk Howa Ýollarynyň biletlerini Aşgabat şäherinde, G. Kuliýew köçesi, 39-njy jaý, Ussat binasy salgysynda ýerleşýän Turkish Airlines-yň satuw ofisinden satyn alyp bolýar.

Elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026