HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Pekinde Kanadanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ýanwar 17, 2026 | 18:30 |4054
Çeşme: orient.tm

Hepdäniň anna güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin resmi sapar bilen Pekine gelen Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni bilen duşuşdy.

Si Szinpin 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Koreýa Respublikasynda Mark Karni bilen bolan duşuşygyny ýatlap, şol duşuşygyň Hytaý – Kanada gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlanmagyna we oňyn ösüşe tarap möhüm ýol açandygyny belledi. Taraplar dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada giňişleýin pikir alyşdylar hem-de oňyn netijelere geldiler.

Si Szinpin, Hytaý – Kanada gatnaşyklarynyň durnukly ösmeginiň iki ýurduň hem bähbitlerine laýyk gelýändigini hem-de ählumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşýandygyny belläp, täze strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowamly ösüş ýoluna gönükdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Si Szinpin Hytaý Halk Respublikasy bilen Kanadanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlanyndan bäri geçen 55 ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli döwürleri başdan geçirendigini aýtdy we özara gatnaşyklar boýunça dört sany esasy ugry belläp geçdi. Ilki bilen, ýurtlar biri-birine hormat goýýan hyzmatdaşlar bolmalydyrlar, ýagny biri-biriniň döwlet özygtyýarlylygyny, syýasy ulgamyny we ösüş ýoluny hormatlamalydyrlar. Ikinjiden, ýurtlar umumy ösüş boýunça hyzmatdaş bolmalydyrlar, sebäbi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk özara bähbitlidir we Hytaýyň ösüşi hem-de açyk syýasaty täze mümkinçilikleri döredýändir. Üçünjiden, Si Szinpin ýurtlaryň özara ynamly hyzmatdaşlar bolmalydygyny aýdyp, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ugurlarda halklaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Dördünjiden, Si Szinpin hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekip, ählumumy meseleleri çözmek üçin hakyky köptaraplylygyň zerurdygyny aýtdy hem-de Birleşen Milletler Guramasy, “Uly 20-lik” (G20), we Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) ýaly halkara meýdançalarynda Kanada bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

Mark Karni Kanada bilen Hytaýyň uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny we iki ýurduň ykdysadyýetlerini ösdürmekde biri-birini goldaýandyklaryny aýtdy. Kanada iki ýurduň halklary üçin hem bähbitli we dowamly strategik hyzmatdaşlygy gurmaga taýýardyr diýip, ol belledi.

Mark Karni Kanadanyň «Bir Hytaý» syýasatyna ygrarlydygyny tassyklap, söwda, energetika, oba hojalygy, maliýe, bilim we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol köptaraplylygyň möhümdigini belläp, Kanadanyň Birleşen Milletler Guramasynyň abraýyny goramak we ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça Hytaý bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşykdan soň taraplar bilelikdäki beýannamany kabul etdiler. Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karniniň Hytaýa resmi sapary hepdäniň şenbe gününe çenli dowam eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

21:13 Iýun 24, 2026
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026