HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azýa infrastruktura maýa goýum banky öz işiniň başlanmagynyň on ýyllygyny belleýär

Ýanwar 17, 2026 | 18:20 |4347
Bank şu güne çenli Aziýada we onuň daşyndaky 40 agza ýurt üçin umumylykda takmynan 70 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan maliýeleşdirişi we goldawy tassykladyBank şu güne çenli Aziýada we onuň daşyndaky 40 agza ýurt üçin umumylykda takmynan 70 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan maliýeleşdirişi we goldawy tassyklady
Çeşme: russian.news.cn

Azýa infrastruktura maýa goýum banky (AIIB) anna güni öz işiniň başlanmagynyň on ýyllygyny belleýär. Bank şu güne çenli Aziýada we onuň daşyndaky 40 agza ýurt üçin umumylykda takmynan 70 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan maliýeleşdirişi we goldawy tassyklady.

2016-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda işe başlany bäri, bank 57 esaslandyryjy agza ýurtdan häzirki wagtda 111 agza ýurda çenli ösüp, möhüm global köpugurly maliýe instituty hökmünde ykrar edildi. Öz ilkinji on ýylynyň dowamynda AIIB energetika, ulag, sanly ykdysadyýet, şäherleri täzeden ösdürmek we beýleki möhüm ugurlar boýunça 361 taslamany tassyklady.

AIIB-niň täze bellenen prezidenti we direktorlar geňeşiniň başlygy Szou Szýai bankyň köpugurlylyk ýörelgelerine ygrarly galjakdygyny, sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrjakdygyny we ýokary hilli, durnukly infrastruktura goldaw bermegini dowam etdirjekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bank ykdysady ösüşe ýardam etmegi, sanlylaşdyrmany öňe sürmegi, daşky gurşawy goramagy we agza ýurtlaryň ösüş mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär.

Geljekde Azýa infrastruktura maýa goýum bankynyň ýolbaşçysy bankyň agzalar we hyzmatdaşlar bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge, amaly çäreleriň üsti bilen has köp taslamany öňe sürmäge, ösüşiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, sebit durnuklylygyny berkitmäge hem-de Aziýada we onuň daşyndaky sebitlerde durnukly ösüşe ýardam etmäge taýýardygyny mälim etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026