HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat SPECA hepdeligini kabul edýär: BMG we Merkezi Aziýa ykdysady meýilnamalaryny deňleşdirýärler

Ýanwar 16, 2026 | 23:00 |6387
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek BMG-niň iri möçberli çäresi bolan «SPECA hepdeligine» taýýarlyk görmegiň meýilnamasy hödürlendiTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek BMG-niň iri möçberli çäresi bolan «SPECA hepdeligine» taýýarlyk görmegiň meýilnamasy hödürlendi
Çeşme: orient.tm

YKDYSADYÝET | ORIENT. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek BMG-niň iri möçberli çäresi bolan «SPECA hepdeligine» taýýarlyk görmegiň meýilnamasy hödürlendi. Biz sebit üçin haýsy çözgütleriň kesgitleýji boljakdygyna düşünmek maksady bilen, BMG-niň ÝYK we ESCAP bilen bilelikde taýýarlanan çäreleriň maksatnamasyny öwrendik.

Hepdeligiň senenamasy:

Maksatnama many-mazmuna örän baý boljkadygyny wada berýär. Aşgabat dört günüň dowamynda Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin «akyl merkezi» bolar:

• 20-nji ýanwar: Başlangyç çäreler we degişli ugurlar boýunça işçi toparlarynyň tematiki duşuşyklary.

• 21–22-nji ýanwar: SPECA 2026 Ykdysady forumy. Şu ýyl ol sebitara arabaglanyşygyna bagyşlanýar.

• 23-nji ýanwar: Hepdeligiň jemleýji wakasy — SPECA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň 20-nji sessiýasy. Hut şu ýerde jemleýji resminamalara gol çekiler we teklipler kabul ediler.

Bilermenler näme hakda gürleşerler?

Üns merkezinde – diňe bir sanlar däl-de, eýsem «sanly baglanyşyk» bolar.

Hazarüsti geçelgesi: BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly ony sanlylaşdyrmagyň «Ýol kartasy» gözden geçiriler. Bu bolsa geçelgäni ýöne bir «ýol» bolmakdan, ýokary tehnologiýaly söwda merkezine öwürer.

Energetika özygtyýarlylygy: Energiýa üpjünçiligindäki töwekgelçilikleri nähilli dolandyrmagyň we ykdysadyýete zyýan ýetirmezden «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ýollary.

Kanunlaryň sazlaşdyrylmagy: SPECA ýurtlarynyň arasynda harytlaryň has çalt hereket etmegi üçin gümrük we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek.

Türkmenistanyň SPECA başlyklyk etmegi, onuň Ýewraziýanyň ýüreginde esasy logistika operatory hökmündäki ornuny berkitmegi üçin bir mümkinçilikdir. Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy ýanwarda, anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde BMG-niň institutlary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurdygyny we öňde boljak Hepdeligiň dünýä standartlaryna laýyk derejede geçirilmelidigini nygtady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026