HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda Alynky Aziýa alajagaplaň enesi we çagasy hasaba alyndy

Ýanwar 16, 2026 | 21:50 |5929
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda fotogapanlaryň kömegi bilen Alynky Aziýa alajagaplaň enesi we çagasy hasaba alyndy. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, bu waka goraghanada belli bolan alajagaplaň eneleriniň sanyny üçe ýetirdiBathyz döwlet tebigy goraghanasynda fotogapanlaryň kömegi bilen Alynky Aziýa alajagaplaň enesi we çagasy hasaba alyndy. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, bu waka goraghanada belli bolan alajagaplaň eneleriniň sanyny üçe ýetirdi
Çeşme: teambarsturkmenistan

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda fotogapanlaryň kömegi bilen Alynky Aziýa alajagaplaň enesi we çagasy hasaba alyndy. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, bu waka goraghanada belli bolan alajagaplaň eneleriniň sanyny üçe ýetirdi.

«Bu toparyň matriarhy takmynan 9 ýaşyndaky Umeda atly alajagaplaň enesi bolup, ol şu wagta çenli belli bolan ýedi sany çagany dünýä indirdi. Onuň gyzy Mehri 2023-nji ýylda doguldy we maşgalanyň möhüm agzalarynyň biri bolup durýar. Indi olaryň hataryna täze alajagaplaň enesi we onuň çagasy goşuldy. Ol Umedanyň uly gyzlarynyň biri bolup biler», — diýip, hünärmenler sosial torlardaky sahypalarynda ýazýarlar.

Bu ýagdaý Bathyz goraghanasynda Alynky Aziýa alajagaplaňlaryň populýasiýasyny gorap saklamak we artdyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de bu seýrek duş gelýän görnüşiň goraghananyň çäginde üstünlikli köpelýändigini we tebigy ýol bilen dikeldilýändigini tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026