HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2025-nji ýylda Hytaýda walýuta amallaryň möçberi täze derejä ýetdi

Ýanwar 16, 2026 | 16:20 |3576
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylda Hytaýyň daşary ýurt walýuta bazarynda amallaryň möçberi rekord derejä ýetip, söwda geleşiklerini hem-de kärhanalaryň walýuta töwekgelçiliklerini ätiýaçlandyrmak derejesi täze taryhy derejä ýetdi. Bu ýagdaý bazaryň durnuklylygynyň we kuwwatlylygynyň artýandygyny tassyklaýandyr.

Hepdäniň penşenbe güni, Daşary ýurt walýutalaryny dolandyrmak boýunça Döwlet Müdirligi tarapyndan goýberilen maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň daşary walýutalary bazaryndaky umumy söwdanyň möçberi 42 trillion 600 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji ýurduň taryhynda iň ýokary dereje boldy. Kärhanalaryň walýuta ätiýaçlandyryş derejesi hem 30 göterime çenli ýokarlandy.

2025-nji ýylda kärhanalaryň, raýatlaryň we beýleki subýektleriň halkara girdejileri we çykdajylary 15 trillion 600 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterime golaý ýokarlandy.

Halkara maýa akymlary, ýylyň başynda ýurduň çäginden doly çykarylýan ýagdaýyndan, ýylyň ahyryna ýurduň çägine doly getirmek ýagdaýyna geçip, ýylyň jemi boýunça ýurduň çägine getirilen halkara maýalaryň möçberi 302 milliard 100 million ABŞ dollaryna ýetdi. Şeýle-de banklar tarapyndan walýuta alyş-çalyş amallarynda 196 milliard 600 million ABŞ dollary möçberinde artykmaçlyk hasaba alyndy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026