HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fuszianyň kenarýakasyndaky deňiz suwlarynda dünýäde ilkinji 20 MW deňiz ýel turbinasy gurnaldy

Ýanwar 15, 2026 | 18:45 |4553
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň gündogaryndaky Fuszian welaýatynyň kenarýaka deňiz suwlarynda dünýäde ilkinji 20 megawattlyk deňiz ýel turbinasyny gurnamak işleri üstünlikli tamamlandy. Bu barada taslamany işläp taýýarlaýjy – “China Three Gorges Corporation” kompaniýasy hepdäniň sişenbe güni habar berdi. Şeýlelikde, bu turbina, şeýle görnüşli deňiz ýel turbinasynyň Hytaýda ilkinji gezek gurnalan nusgasy boldy.

Deňiz ýel turbinasy ulgama birikdirileninden soň, onuň ýylda 80 million kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar. Elektrik energiýasynyň bu möçberi 44 müňe golaý hojalygyň bir ýyllyk elektrik energiýa zerurlygyny kanagatlandyrar. Bu şeýle hem 24 müň tonna kömür tygşytlamaga we 64 müň tonna çenli bölünip çykarylýan kömürturşy gazynyň möçberini azaltmaga mümkinçilik berer.

Deňiz ýel turbinasy kenardan 30 kilometr gowrak daşlykda, 40 metrden gowrak deňiz çuňlugynda ýerleşdirildi. Gurnama işleriniň dowamynda dürli kynçylykly ýagdaýlar ýüzi çykdy, ýagny musson möwsüminde iş wagty gysgaldy, deňizde iş şertleri çylşyrymly boldy we beýiklikde ýerine ýetirilýän işler bilen bagly bolan töwekgelçilikler döredi.

Bu päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin gurluşyk topary göterijilik kuwwaty 2 müň tonna bolan döwrebap ýel energetika gurnama gämisinden peýdalandy. Ýokary takyklyk bilen ýerleşdiriş usuly we direg sütünini dikmegiň döwrebap ulgamlary arkaly 147 metr uzynlykdaky üç sany ýel turbina ganatlary 174 metr beýiklige çenli galdyrylyp, esasy sütün bilen mäkäm birikdirildi. Netijede, gurnalan rotoryň diametri 300 metre ýetip, onuň ganatlarynyň pyrlanýan meýdany 10 sany futbol meýdançasyna barabardyr.

Bu deňiz ýel turbinasy milli derejedäki esasy ylmy-barlag we ösüş maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy we onuň esasy bölekleri Hytaýda işlenip düzüldi we öndürildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026
Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

13:05 Awgust 16, 2026
Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

13:02 Awgust 16, 2026