HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ birnäçe ýurtlaryň raýatlaryna immigrasion wizalaryň berilmegini wagtlaýyn togtadýar

Ýanwar 15, 2026 | 20:30 |4426
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryndan başlap, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti amerikan tarapynyň baha bermegine görä döwlet durmuş kömek pullaryna garaşly bolmak töwekgelçiligi ýokary hasaplanýan birnäçe ýurtlaryň raýatlaryna immigrasion wizalaryň berilmegini wagtlaýyn togtadýar2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryndan başlap, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti amerikan tarapynyň baha bermegine görä döwlet durmuş kömek pullaryna garaşly bolmak töwekgelçiligi ýokary hasaplanýan birnäçe ýurtlaryň raýatlaryna immigrasion wizalaryň berilmegini wagtlaýyn togtadýar
Çeşme: californiatrip.ru

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryndan başlap, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti amerikan tarapynyň baha bermegine görä döwlet durmuş kömek pullaryna garaşly bolmak töwekgelçiligi ýokary hasaplanýan birnäçe ýurtlaryň raýatlaryna immigrasion wizalaryň berilmegini wagtlaýyn togtadýar. Bu barada 2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda çap edilen täzelenen maglumatlarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, bu karar ABŞ-nyň immigrasion syýasatynyň täzeden gözden geçirilmeginiň çäklerinde kabul edildi. Prezident Donald Tramp ozal immigrantlaryň maliýe taýdan öz-özüni üpjün edip bilmelidigini we amerikan durmuş goldaw ulgamyna agram salmaly däldigini belläpdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet departamenti immigrasiýa ulgamyndaky hereket edýän düzgünleriň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we görkezmeleriň giňişleýin seljermesini geçirýär.

Täze çäreleriň çäklerinde aşakdaky ýurtlaryň raýatlaryna immigrasion wizalaryň berilmegi wagtlaýyn togtadylýar: Owganystan, Albaniýa, Alžir, Antigua we Barbuda, Ermenistan, Azerbaýjan, Bahama adalary, Bangladeş, Barbados, Belarus, Beliz, Butan, Bosniýa we Gersegowina, Braziliýa, Birma, Kamboja, Kamerun, Kabo-Werde, Kolumbiýa, Kot-d’Iwuar, Kuba, Kongo Demokratik Respublikasy, Dominika, Müsür, Eritreýa, Efiopiýa, Fiji, Gambiýa, Gruziýa, Gana, Grenada, Gwatemala, Gwineýa, Gaiti, Yrak, Eýran, Iordaniýa, Gazagystan, Kosowo, Kuweýt, Gyrgyz Respublikasy, Laos, Liwan, Liberiýa, Liwiýa, Moldowa, Mongoliýa, Marokko, Nepal, Nikaragua, Nigeriýa, Demirgazyk Makedoniýa, Pakistan, Kongo Respublikasy, Russiýa, Ruanda, Sent-Kits we Newis, Sent-Lýusiýa, Sent-Winsent we Grenadinler, Senegal, Sýerra-Leone, Somali, Günorta Sudan, Sudan Respublikasy, Siriýa, Tanzaniýa, Taýland, Togo, Tunis, Uganda, Urugwaý, Özbegistan we Ýemen.

Bellenilişi ýaly, bu çäklendirmeler diňe immigrasion wizalara degişlidir we hereket edýän düzgünler hem-de talaplar doly gözden geçirilýänçä güýjünde bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026