HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Anhoi welaýatynda robot ýol gözegçisi işe girişdi

Ýanwar 13, 2026 | 09:06 |4385
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň gündogaryndaky Anhoi welaýatynyň Wuhu şäherinde täze robot ýol gözegçisi hepdäniň şenbe güni resmi taýdan işe başlady.

Ýerli hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan bu robot häzirki wagtda iş ýüzünde synagdan geçirilip, ýol-ulag hereketini dolandyrmaklyga we ýol hereketleriniň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmeklige ýardam berýär.

Wuhu şäherindäki Çižuşan we Hueižou köçeleriniň çatrygynda, polisiýa işgäriniň papagy we ýol gözegçilik işgäriniň žileti geýdirilen robot, adaty el yşaratlary arkaly ýol-ulag hereketlerini sazlaýar.

Ol geçip barýan ulaglara ýol hereketiniň düzgünlerini ýatladyp, golaýyndaky ýol gözegçilik gullugynyň wekili bilen bilelikde ýol-ulag hereketini howpsuz ýagdaýda saklamagy ündeýär.

“Başda seredeniňde ol edil hakyky adam ýaly görünýär, ýöne şonda-da robotdygy duýulýar. Ol robot sürüjiler üçin hem, başgabyny geýmän ýola çykýanlar üçin hem duýduryş bolup hyzmat edýär” diýip, ýerli ýaşaýjy Çžan Sýaopin öz pikirini aýtdy.

Robot ýol gözegçisinde alty sany kamera we bir sany lazer arkaly aralygy ölçeýän ulgam gurnalandyr. Bu robot, ýol hereketiniň ýagdaýlaryny duýmagy, päsgelçiliklerden özbaşdak sowlup geçmegi hem-de toplan maglumatlaryny merkezi ulgama ugratmagy başarýandyr.

Häzirki wagtda robot esasan ýol-ulag hereketiniň düzgünlerini düşündirmek, çatryklarda hereketleri dolandyrmaga ýardam bermek hem-de howply hereketleri anyklap, şol hereketleri gaýtalamazlyk boýunça maslahat bermek ýaly ugurlarda synagdan geçirilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026
Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

13:05 Awgust 16, 2026
Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

13:02 Awgust 16, 2026