HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maýyl howa, döwlet tarapyndan berilýän goldaw we geň-enaýylyklar bilen Guandun syýahatçylary özüne çekýär

Ýanwar 10, 2026 | 03:21 |4649
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynda gyşky syýahatçylyk batly depginde ösýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw, şeýle hem welaýatyň jana şypaly maýyl howasy we geň-enaýylyklary dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylary özüne çekýär.

Guandun welaýatynyň halanýan gyşky syýahatçylyk ýerleriniň biri hem ýyly suw çeşmeleridir. Guançžou şäher merkezinden bir sagada golaý ýol uzaklygynda ýerleşýän Sunhua etrabynda melhem beriji radon maddasyna baý “seýrek ýyly suw çeşmeleri” bar. Bu tebigy we minerallara baý suw çeşmeleri, sowuk howadan ýadan adamlar üçin dynç alyp, nepesiňi durlamaga ajaýyp mümkinçilikdir.

Guandun welaýatynda ýyly suwly dynç alyş merkezleri köpdür. Indi bu merkezler bu ýere gelýän adamlara diňe bir daş-töwereginiň gözelligi bilen däl-de, eýsem olaryň öz süňňüni ýeňledip, lezzetli dynç almagy üçin ýakymly hyzmatlary bilen ýaraýandyr.

Dusit Devarana Hot Springs and Spa – Hytaýdaky ýyly suwly ilkinji bilelikdäki şypahana bolup, oňa döwlete dahylly maýadarlar goldaw berýärler we Taýlandyň belli dynç alyş topary tarapyndan dolandyrylýar.

“Bu ýer örän rahat, howasy arassa, suwy bolsa ýakymly, özüňi edil Günorta-Gündogar Aziýadaky ýaly duýýarsyň” diýip, bu dynç alyş merkezine gelen hanym Ýe öz duýgularyny paýlaşdy.

Bu şypahananyň hyzmatlarynda we Demirgazyk Taýlandyň binagärligine kybapdaş desgalarynda Günorta-Gündogar Aziýanyň täsiri duýulýar. Bezegleriň köpüsi ýörite taýýarlanyp, “Ýylgyryşlaryň mekany” ady bilen tanalýan Taýlandyň hut özünden getirilipdir.

Maýyl gyş möwsümine bolan islegleriň artmagy bilen Syýahatçylyk agentlikleri esasan maşgala bolup gelýän we toparlaýyn syýahatçylary ileri tutýarlar.

“Syýahatçylar indi umumy otaglary bolan myhmanhanalary has köp saýlaýarlar. Şeýle hem, döwlet tarapyndan berilýän söwda kuponlary islegi artdyrýar. 1500 ýuan möçberde söwda eden adama 300 ýuan arzanladyş hödürleýän iň meşhur kuponlar bäş minudyň dowamynda satylyp gutarýar” diýip, ýerli “Day Holiday” syýahatçylyk agentliginiň marketing boýunça direktory Çe Sianhueý düşündirýär.

Bu şypahana 2026-njy ýylyň 17-nji fewralyna gabat gelýän Bahar baýramçylygy döwründe köp sanly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.

“Bahar baýramçylygy döwründe otaglaryň 90-100 göterim aralygynda doldurylmagyna garaşýarys. Täze ýyl baýramçylyk günlerinde ähli otaglarymyz eýelenip, her gün ýyly suwly çeşmelere 700 -dengowrak adam geldi. Biz diňe bir saglygy dikeltmek işleri bilen çäklenmän, maşgalalar üçin ýörite medeni çäreleri hem gurnadyk. Soňky girdejileriň 70 göterim töweregi Ýanszy derýasynyň demirgazyk sebitlerinden gelýär, şeýle hem Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryndan hem myhmanlar bar” diýip, Sunhua etrabyndaky Dusit Devarana Hot Springs and Spa dynç alyş merkeziniň baş dolandyryjysy Şao Ýingda habar berdi.

Syýahatçylaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, Guandun welaýaty 20 million ýuan (ýagny 2 million 900 müň ABŞ dollary) möçberinde kuponlary goýberdi. Bu çäreleriň netijesinde umumy ykdysady işiň möçberi 200 million ýuana ýeter diýlip, çak edilýär.

Şeýle-de bolsa, kuponlar we mahabatlar diňe gysga möhletleýin netije berip bilýärler. Hytaýda-da, bütin dünýäde-de adaty syýahatçylyk ugurlarynda şol birmeňzeş meseleler ýüze çykýar. Ol meseleler – nädip täzeçe çemeleşmeli, şol bir hyzmatlaryň hilini beýlekileriňkiden nädip tapawutlandyrmaly, uzak möhletleýin bäsdeşlige nädip ukyply bolmaly diýen meselelerdir. Bu ýagdaý degişli düzgünleri işläp düzmeklige, durnukly ösüşe we halkara syýahatçylary çekmegiň usullaryna bolan ünsi güýçlendirýär.

“Dünýä derejesinde adam başyna düşýän jemi içerki önümiň möçberi 10 müň ABŞ dollaryndan geçen halatynda, syýahatçylyk dynç alyş derejesine geçýär. Emma köp syýahatçylyk edaralary henizem adaty gezelençlere üns berýär. Halkara syýahatçylary içerki syýahatçylaryň dowamy hökmünde görülmeli däldir. Olaryň islegleri tapawutly, şonuň üçin halkara bäsdeşliginde üstün çykmak üçin ýöriteleşdirilen we baý çemeleşmeler hödürlenmelidir” diýip, Sun Ýat-sen uniwersitetiniň Medeniýet we syýahatçylykdaky sarp edijilik boýunça ylmy-barlag merkeziniň direktory, professor Li Ýaosi belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026