HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy onlaýn platformasyny işe girizdi

Ýanwar 08, 2026 | 16:45 |6695
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy resmi web sahypasyny — "hemayat.gov.tm" işe girizdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň başynda Türkmenistanda bu portalyň işe girizilmegi ýurduň iň möhüm durmuş ugurly başlangyjynyň döwrebap sanly formata geçmegini alamatlandyrýarGurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy resmi web sahypasyny — "hemayat.gov.tm" işe girizdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň başynda Türkmenistanda bu portalyň işe girizilmegi ýurduň iň möhüm durmuş ugurly başlangyjynyň döwrebap sanly formata geçmegini alamatlandyrýar
Çeşme: hemayat.gov.tm

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy resmi web sahypasyny — hemayat.gov.tm işe girizdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň başynda Türkmenistanda bu portalyň işe girizilmegi ýurduň iň möhüm durmuş ugurly başlangyjynyň döwrebap sanly formata geçmegini alamatlandyrýar.

Indi her bir raýat we halkara hyzmatdaş guramanyň işiniň barşy baradaky maglumatlara göni elýeterlilik alar, web sahypanyň iňlis dilindäki görnüşiniň bolmagy hem-de wezipeleriniň jikme-jik beýan edilmegi gaznanyň işini daşary ýurtlaryň degişli düzümleri we ÝUNISEF ýaly ählumumy derejedäki guramalar üçin aýdyň edýär hem-de Türkmenistanyň durmuş taýdan jogapkärli döwlet hökmünde abraýyny has-da berkidýär.

Web sapyhanyň täzelikler bölüminde Gaznanyň işini beýan etmek bilen bir hatarda, özara gatnaşyklary ýönekeýleşdirýän hem-de kömegiň gysga wagtyň içinde degişli ýerine gowuşmagyny üpjün edýän sanly gurşawyň döredilmegine ýardam berýän netijeli aragatnaşyk guraly bolup hyzmat edýär. Foto we wideogörnüşler bölümleri bolsa Gaznanyň döredilen gününden bäri 5 ýylyň dowamynda (2021-nji ýylyň martyndan bäri) kömek berlen çagalaryň durmuşyndaky iň täsirli pursatlary we hakyky taryhlary görmäge mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026