HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýada ýurda girýän syýahatçylar üçin hökmany ätiýaçlandyryş talaby güýje girdi

Ýanwar 08, 2026 | 12:30 |4952
Gruziýada ýurda girýän daşary ýurtly syýahatçylaryň lukmançylyk ätiýaçlandyryşyna eýe bolmagyny talap edýän kanun güýje girdiGruziýada ýurda girýän daşary ýurtly syýahatçylaryň lukmançylyk ätiýaçlandyryşyna eýe bolmagyny talap edýän kanun güýje girdi
Çeşme: rbc.ru

Gruziýada ýurda girýän daşary ýurtly syýahatçylaryň lukmançylyk ätiýaçlandyryşyna eýe bolmagyny talap edýän kanun güýje girdi. Degişli karar Gruziýanyň Kanunçylyk habarçysynyň resmi saýtynda çap edildi.

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren syýahatçylyk hakyndaky kanuna laýyklykda, Gruziýa gelýän ähli daşary ýurtly syýahatçylar ýurtda bolýan döwrüniň dowamynda lukmançylyk ätiýaçlandyryşyna we betbagtçylykly hadysalara garşy ätiýaçlandyrylmaly. Syýahatçynyň ätiýaçlandyrylan möçberi azyndan 30 müň lari (takmynan 11,1 müň ABŞ dollary) bolmalydyr. Gruziýa girilende görkezilmeli ätiýaçlandyryş resminamasy kagyz görnüşinde hem-de elektron görnüşinde bolup biler we ol gruzin ýa-da iňlis dilinde düzülen bolmalydyr.

Bu kanun diplomatik pasportly raýatlara, şeýle hem ýolagçylary we ýükleri halkara derejesinde daşaýan ulag sürüjilerine degişli däldir. Şeýle-de bolsa, kanun syýahatçylary ätiýaçlandyryş resminamasyna eýe bolmaga borçly edýän hem bolsa, onuň bolmazlygy üçin jerime çärelerini göz öňünde tutmaýar.

Gruziýanyň Parlamenti 2023-nji ýylyň dekabrynda syýahatçylyk hakyndaky kanuny kabul edip, oňa laýyklykda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap ýurda girýän syýahatçylar üçin saglyk we betbagtçylykly hadysalara garşy hökmany ätiýaçlandyryşyň güýje girmegi meýilleşdirilipdi. Emma soňra häkimiýet edaralary bu düzgüniň goşmaça taýýarlyk döwrüni talap edýändigini belläp, 2024-nji ýylyň iýunynda degişli üýtgetmeleri kabul etdiler we hökmany ätiýaçlandyryşyň girizilmegini 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna süýşürdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026