HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli intellekt Hytaýyň senagatyny özgertmekde adamlaryň hyzmatdaşyna öwrülýär

Ýanwar 08, 2026 | 10:25 |3879
Çeşme: orient.tm

Emeli intellekt Hytaýyň senagatyny çalt depginde özgerdýär, nazarýet düşünjesinden çykyp, zähmet usullaryny we öndürijiligi özgerdýän hakyky güýje öwrülýär.

Önümçilikden başlap energetika çenli dürli pudaklarda emeli intellekt çylşyrymly işleri ýerine ýetirýär, iş amallaryny kämilleşdirýär we adamlar bilen ýokary twehnologiýaly ulgamlaryň arasyndaky gatnaşyklary täzeçe bir usula geçirýär. Hytaýyň gündogaryndaky Anhoi welaýatynyň Wuhu şäherindäki sement önümçilik pudagy bu özgerişligiň aýdyň mysalydyr.

Öz käriniň ussady bolan Pei Szýun birwagtlar sement önümçiliginiň bişirme tapgyry ýaly çylşyrymly iş amalyny dolandyrýardy. Bu tapgyr ekologiýa we netijelilik boýunça berk talaplaryň şertlerinde, ýüzlerçe amallary edil häzirki wagtda gözegçilikde saklamagy talap edýärdi. Häzirki wagtda bolsa, uly möçberdäki maglumatlary seljermegi we zerur parametrleri sazlamagy emeli intellekt ulgamlary ýerine ýetirýär. Bu ýagdaý Pei Szýuna inženerler bilen bilelikde algoritmleri öwretmäge hem-de kärhanada emeli intellekti giňden ornaşdyrmak boýunça strategiýalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

“Emeli intellektiň häzirki roluny häsiýetlendirmek üçin ‘hyzmatdaş’ diýen düşünjäni laýyk hasaplaýaryn. Onuň ýerine ýetirýän işi bir adamyňka garanyňda has netijeli bolup, ýüzlerçe, hatda müňlerçe maglumat toparlaryny bir wagtda işläp bilýär we şol bir gaýtalanyp duran işleri ep-esli ýeňilleşdirýär” diýip, Pei Szýun öz pikirini paýlaşdy.

Bu özgertmeler milli syýasat bilen hem gabat gelýär. Döwlet Geňeşiniň kabul eden “Emeli intellekt +” başlangyjy döwrebap zähmet usullarynyň ösdürilmegini göz öňünde tutýar. Emeli intellekt täze iş orunlaryny döretmekde we adam – enjam hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmekde möhüm orny eýeleýär.

Bilermenleriň bellemegine görä, geljekde enjamlar uly möçberdäki maglumatlary işlemekde güýçli bolsa, adamlaryň döredijilik, tankydy pikirleniş we etiki pikir ýörediş ýaly çalşyp bolmajak ukyplary bardyr.

“Täze emeli intellekt döwründe iň möhüm başarnyklar döredijilik we tankydy pikirlenişdir. Emeli intellekt uly möçberdäki maglumatlary öndürýär, emma olaryň hiline, ähmiýetine we adam gymmatlyklaryna laýyklygyna baha bermek adamlaryň üstüne düşýär” diýip, Tsinghua uniwersitetiniň Psihologiýa we kognitiw ylymlar bölüminiň müdiri Liu Szia düşündirdi.

Pekin uniwersitetinde geçirilen soňky ylmy maslahatda hem alymlar emeli intellektiň ahlak taýdan dolandyrylmagynyň zerurdygyny bellediler. Milli ösüş we özgertmeler boýunça döwlet toparynyň Makroykdysady barlaglar institutynyň ylmy işgäri Gong Piming emeli intellektiň anyk hukuk we ahlak çäkleri bolan “dolandyrylýan hyzmatdaş” hökmünde hereket etmelidigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, tehnologiýany ösdürmegiň esasy maksady adamzadyň hemmetaraplaýyn ösüşine hyzmat etmekden ybaratdyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026