HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý bilen Koreýa Respublikasy ýokary tehnologiýalarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär

Ýanwar 07, 2026 | 14:48 |4304
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasy bilen Koreýa Respublikasynyň işewür ýolbaşçylary Pekinde geçirilen Hytaý – Günorta Koreýa Işewürler Forumynda ýokary tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meýillerini mälim etdiler.

Bu foruma iki ýurduň döwlet edaralaryndan we işewür toparlaryndan 400 töweregi wekiller gatnaşdy. Çärä gatnaşyjylar, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Meniň Hytaýa döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini aýtdylar.

Hytaýyň Halkara Söwdalary Goldamak Geňeşi we Koreýa Respublikasynyň Söwda-senagat Palatasy tarapyndan bilelikde gurnalan bu forum iki ýurduň arasyndaky berk ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady. Hytaý döwleti indi 21 ýyl bäri Koreýa Respublikasynyň iň uly söwda hyzmatdaşydyr, Koreýa Respublikasy bolsa Hytaýyň ikinji uly söwda hyzmatdaşydyr. Iki ýurt aýratyn-da öňdebaryjy önümçilik we tehnologiýa ulgamlarynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

“Akkumulýatorlar tehnologiýalary we programma üpjünçiligi bilen işleýän awtoulaglar (SDV) pudagy Hytaýda giňden ösdürilýär, bu ýurtda köp sanly ökde inženerler işleýär. Bu bolsa müşderilere has ýokary tehnologiýaly önümleri hödürlemek üçin hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär” diýip, “Hyundai Motor Group” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Çon Ýi-son pikirini paýlaşdy.

“Dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe iki ýurduň kompaniýalary önümçilik zynjyrlary we tehnologiýalar boýunça has-da bähbitli hyzmatdaşlyga ymtylmalydyr” diýip, TCL Technology Group kompaniýasynyň ýolbaşçysy Li Dunşen belledi.

Hytaýyň wise-premýeri He Lifeng bu forumda çykyş etmek bilen, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we täze mümkinçilikleri döretmegiň möhümdigini aýtdy. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Men hem Hytaý döwleti bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny, şeýle hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklaryna-da uly peýda getirjekdigini belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026