HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkish Airlines Turkish Airlines Open ýaryşynyň baş hyzmatdaşlygyny üç ýyla çenli uzaltdy

Ýanwar 08, 2026 | 12:30 |4177
“Turkish Airlines” awiakompaniýasy Turkish Airlines Open abraýly golf ýaryşynyň baş hyzmatdaşlygy boýunça täze üç ýyllyk şertnama baglaşdy“Turkish Airlines” awiakompaniýasy Turkish Airlines Open abraýly golf ýaryşynyň baş hyzmatdaşlygy boýunça täze üç ýyllyk şertnama baglaşdy
Çeşme: Turkish Airlines

“Turkish Airlines” awiakompaniýasy Turkish Airlines Open abraýly golf ýaryşynyň baş hyzmatdaşlygy boýunça täze üç ýyllyk şertnama baglaşdy. Ýaryşyň nobatdaky tapgyry 2026-njy ýylyň 30-njy aprelinden 3-nji maýyna çenli Antalýada, Regnum Hotels toplumynyň çäginde ýerleşýän National Golf Club meýdançasynda geçiriler.

Baýrak gaznasy 2,75 million ABŞ dollaryna barabar bolan Turkish Airlines Open, DP World Tour 2026 möwsüminiň birinji bölegi — Asian Swing tapgyrlarynyň bäşinji we soňky ýaryşy bolar.

2025-nji ýylyň ýeňijisi, ýaş fransuz golfçysy Martén Kuwra, çempion adyny goramak maksady bilen 2026-njy ýylda Türkiýä gaýdyp geler. 1994-nji ýyldan bäri Antalýada golf syýahatçylygynyň ösmeginde möhüm orun eýelän National Golf Club ýene-de dünýäniň dürli künjeklerinden öňdebaryjy türgenleri we golf söýüjileri kabul eder.

“Turkish Airlines” ilkinji gezek 2013-nji ýylda bu ýaryşyň baş hemaýatkäri boldy. Şondan bäri ýaryşda Taýger Wuds, Serhio Garsiýa, Taýrell Hetton, Jastin Rouz we Rori Makilroý ýaly dünýä belli professional golfçylar çykyş etdiler.

Mundan başga-da, Türkiýäniň milli awiakompaniýasy 2013-nji ýyldan bäri dünýäde iň uly höwesjeň golf ýaryşy bolan Turkish Airlines World Golf Cup-y geçirýär. Şu ýyl bu bäsleşik 83 ýurtda ýerleşýän 122 şäherde guraldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026