HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BYD 2025-nji ýylda elektromobilleriň satuwy boýunça Tesladan öňe geçdi

Ýanwar 04, 2026 | 21:15 |4995
Çeşme: orient.tm

Amerikan elektromobil öndürijisi “Tesla” anna güni beren beýanatynda, 2025-nji ýylda dünýä boýunça awtoulag üpjünçiliginiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 8,6% azalandygyny mälim etdi. Bu waka, Hytaýyň awtoulag öndürijisi “BYD” kompaniýasynyň ýyllyk elektromobil satuwy boýunça ilkinji gezek Tesla-dan öňe geçmegi bilen bagly boldy.

Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, Tesla 2025-nji ýylda 1,655 million sany elektromobil öndürdi we 1,636 sany millionyny satdy. Bu görkezijiler 2024-nji ýyldaky öndürilen 1,773 million sany we satylan 1,789 million sany awtoulagdan pesdir.

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde Tesla 434 358 sany awtoulag öndürdi we 418 227 sanysyny satdy. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäki öndürilen 459 445 sany we satylan 495 570 sany awtoulagdan pesdir. Şunlukda, dördünji çärýekdäki satuwlar geçen ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 16% azaldy.

Bu ýagdaýyň satuwlara täsiri, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda amerikan sarp edijilerini elektromobil satyn almaga höweslendirýän salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagyndan soň has aýdyň duýuldy. “BYD” penşenbe güni 2025-nji ýylda dünýä boýunça elektromobilleriň satuwynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 27,86 göterim ýokarlanyp, 2,257 million birlige ýetendigini, satuwyň artýan paýynyň Hytaýdan daşary bazarlardan, şol sanda Aziýa, Ýewropa we Latyn Amerikasyndan geljendigini aýtdy.

“Tesla önümleriň köneligi, Ilon Maskyň meşhur däldigi we BYD bilen arzan çykdajylar we innowasiýa tizligi boýunça bäsleşip bilmeýändigi sebäpli kynçylyklara duçar bolýar. Mesele diňe Hytaýdaky önümleriň pes bahasynda däl, eýsem batareýa pudagyndaky innowasiýalaryň ajaýyp derejesindedir. BYD we beýleki hytaý kompaniýalary elektromobiller üçin batareýalary ýewropaly bäsdeşlerinden 35-40 göterim arzan öndürip bilýärler, bu bolsa olara ägirt uly bäsdeşlik artykmaçlygyny berýär. Ýöne olaryň gowy önümleri hem bar — hilli önümler, ajaýyp batareýalar we olar täze awtoulaglary bazara çykarmagy hakykatdan hem çaltlandyrdylar” — diýip, Birmingem işewürlik mekdebiniň işewürlik ykdysadyýeti boýunça professory Dewid Beýli aýtdy.

“Tesla” kompaniýasy ABŞ-da iň uly elektromobilleri öndüriji bolmagynda galýar we içerki elektromobilleriniň bazarynyň takmynan 45 göterimini öz paýyna alýar. Şeýle-de bolsa, satuwyň pese gaçmagy Amerikanyň elektromobilleriň bazaryndaky has giň gerimde haýallandygyny görkezýär.

Awtomobilleri öwreniji “Cox Automotive” kompaniýasy maglumatlary ABŞ-da elektromobilleriň ähli görnüşiň satuwynyň 2025-nji ýylyň noýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 40 göterimden gowrak azalandygyny görkezdi.

Pudagyň analitikleri ABŞ-da elektrik awtomobilleriň umumy satuwynyň 2026-njy ýylda pes derejede galmagyna garaşýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026