HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sindao portunda wakuum esasly awtomatlaşdyrylan gämi berkitme ulgamy ornaşdyryldy

Ýanwar 02, 2026 | 18:25 |4784
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň ilkinji gününde Hytaýyň demirgazygyndaky iň iri port bolan Sindao portunda ýurduň ilkinji wakuum esasly awtomatlaşdyrylan gämi berkitme ulgamy işe girizildi. Bir gäminiň sürüjisiz tertipde berkidilmegi 30 sekundyň içinde tamamlandy.

Hepdäniň penşenbe güni ir sagat 9-da uzynlygy 366 metre barabar, 16 000 sany konteýneri daşamak mümkinçiligi bolan gämi suwda butnamaz ýaly berkitmegiň täze ulgamy bilen enjamlaşdyrylan gämi duralgasyna ýanaşyk baryp durdy. Adaty berkitme amallaryndan tapawutlylykda, bu gezek daňylýan ýüpleri berkitmek üçin işgär zerur bolmady. Ýagny, bu ulgam gämini awtomatiki ýagdaýda anyklap, onuň ýerleşmeli ýerini kesgitledi we içerki wakuum sorujylarynyň kömegi bilen gämä berkitdi. Gämini suwda berkitme işi 30 sekuntdan hem az wagt aldy we gämi ygtybarly ýagdaýda gämi duralgasynda berkidildi.

Wakuum esasly awtomatizirlenen gämi urganlama ulgamy diňe bir ulanyş howpsuzlygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem terminalyň iş netijeliligini hem ep-esli artdyrýar.

«Wakuum esasly awtomatlaşdyrylan gämi berkitme ulgamy sorujylaryň kömegi bilen gämä berkidilýär. On üç sany daňyş gurallary 30 sekundyň dowamynda jemi 2600 kilo-nýuton saklaýjy güýji döredip bilýär. Bu bolsa bir gäminiň berkitme wagtyny 20–30 minutdan 30 sekuntda çenli gysgaldýar we gämini duralga ygtybarly berkidýär», - diýip, Sindao portunyň awtomatlaşdyrylan terminalynyň inžener-tehnologiýa bölüminiň menejeri Liu Fançao düşündirdi.

Awtomatlaşdyrylan port kranlaryny, relsde ýöreýän ýokary tizlikli kenar kranlaryny we sürüjisiz awtomatlaşdyrylan ulag serişdelerini öz içine alýan, bitewi awtomatlaşdyrylan ulgamy bolan Sindao porty, awtomatlaşdyrylan terminallarda konteýnerleri ýükläp-düşürmegiň netijeliligi boýunça 13 gezek dünýä rekordyny goýdy.

Mundan başga-da, ýerli gümrük gullugynyň gözegçilik-barlag amallaryny has-da kämilleşdirmek we ýeňilleşdirmek maksady bilen ýokary tehnologiýaly ulgamlary ornaşdyryldy.

«Öňünden skanirleme enjamlary portuň logistika ugrunda gurnaldy. Her bir skanirleme işi bary-ýogy birnäçe sekunt dowam edýär we konteýner daşamalarynda bökdençlik döretmeýär. Ýokary tehnologiýaly portlaryň işini ýola goýmak – Hytaýyň geljekki bäş ýylyň dowamynda öňde goýýan esasy wezipeleridir» diýip, Sindao gümrük gullugynyň ýanyndaky Huandao gümrük bölüminiň müdiriniň orunbasary Ýu Tin aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026