HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Harbiniň Gyşky syýahatçylygy “Buz we Gar Dünýäsi” arkaly täze derejä çykýar

Ýanwar 02, 2026 | 18:17 |5268
Çeşme: orient.tm

Buz we gar syýahatçylyk möwsüminiň iň gyzgalaňly döwründe, Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunsiang welaýatynyň paýtagty Harbin şäheri, özüniň durky täzelenen syýahatçylyk desgalary we dürli gyşky çäreleri arkaly barha köp syýahatçylary özüne çekýär.

Şäheriň iň meşhur gyşky syýahatçylyk nokady bolan Harbiniň “Buz we Gar Dünýäsi” 2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda açylypdy. Howanyň -20 gradus derejä çenli sowamagyna garamazdan, bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar we sahna görkezişleri ýerine ýetirilýär, şowhunly gurşaw döredilýär. Bular ýaly sowuk howada gezmek daşary ýurtly myhmanlar üçin has-da gyzykly bolýar.

“Buz we Gar Dünýäsiniň” meýdany 20 göterim giňeldildi. 400 müň kub metrden gowrak buz we garyň ulanylmagy bilen umumy meýdany 1 million 200 müň inedördül metre ýetdi. Esasy özüne çekiji ýerleriň arasynda 24 ýodadan ybarat, 521 metr uzynlygyndaky “taýylýan meýdança”, şeýle hem bu meýdançany guş uçuş belentlikden synlamaga mümkinçilik berýän 120 metrlik pyrlanýan tigir bardyr. Buz heýkelleri bolsa dünýäniň taryhy we häzirki zaman binagärlik nusgalaryny utgaşdyrmak bilen ýasalandyr.

Mundan başga-da, bu ýyl bu ýere gelýän myhmanlar üçin täze çykyşlar we çäreler taýýarlandy – tans bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar we ýapyk binada ertekiler görnüşindäki sahna çykyşlary ýerine ýetirildi.

Geçen gyşky möwsüminde “Buz we Gar Dünýäsi” 68 günüň dowamynda 3 million 560 müň syýahatçyny kabul etdi, Heýlunsiang welaýatynda buz-gar ykdysadyýetiniň möçberi 266 milliard ýuandan (ýagny 38 milliard ABŞ dollaryndan) geçdi. Diňe Harbin şäheriniň özi geçen gyşda rekord derejedäki 90 million 360 müň syýahatçyny kabul edip, 137 milliard 220 million ýuan (ýagny 19 milliard 440 million ABŞ dollaryna barabar) girdeji gazandy, bu bolsa geçen ýylky görkezijiden 16.6 göterim ýokarydyr.

Hytaýda buz we gar ykdysadyýetine sarp edijiligi we ösüşe itergi berýän möhüm ugur hökmünde uly üns berilýär. 2027-nji ýyla çenli bu pudagyň möçberiniň 1 trillion 200 milliard ýuana, 2030-njy ýyla çenli bolsa 1 trillion 500 milliard ýuana ýetmegine garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026