HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň daşary işler ministri ýurduň dünýädäki ornunyň barha güýçlenýändigini belledi

Dekabr 31, 2025 | 18:42 |5290
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň daşary işler ministri Wan Ýi hepdäniň sişenbe güni eden çykyşynda, 2025-nji ýylda Hytaýyň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynyň has oňyn ugurda ösýändigini, ýurduň halkara derejede ornunyň berkeýändigini hem-de ýolbaşçylyk ukyplarynyň artandygyny belledi.

Bu barada Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy bolan Wan Ýi, 2025-nji ýylda halkara ýagdaýy we Hytaýyň daşary syýasaty boýunça geçirilen simpoziumda çykyş edende aýtdy.

Wan Ýi, dünýäde dowam edýän dartgynly ýagdaýlarda Hytaý döwleti durnuklylygyň daýanjy we ählumumy ösüş meselelerini çözmekde hem-de halkara adalatlylygy goramakda öňdebaryjy güýç hökmünde çykyş edýändir diýip, belledi.

Wan Ýi halkara ýagdaýlaryň möhüm öwrülişik derejesine ýetendigini, birtaraplaýynlyk we agalyk edijilik synanyşyklarynyň ähmiýetiniň peselýändigini hem-de dünýäde köptaraplylyk ýörelgeleriniň kemala gelýändigini belledi.

Şeýle hem ol, Hytaý bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gatnaşyklaryny häzirki wagtda dünýäde iň möhüm ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň biri hökmünde häsiýetlendirip, birek-birege hormat goýmak, bilelikde parahatçylykly ýaşamak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek dünýä abadançylygy üçin esasy şertlerdigini aýtdy.

Taýwan meselesine degip geçmek bilen Wan Ýi, Taýwanyň öz watanyna dolanyp gelmegine 80 ýyl bolandygyny aýdyp, milli bitewiligi doly üpjün etmek Hytaýyň özygtyýarlylygyny we çäk bitewiligini goramak boýunça kanuny hem-de taryhy borçdugyny belledi.

Şeýle-de ol Ýaponiýada militarizmiň täzeden güýçlenýändigini bellemek bilen, uruşdan soňky halkara tertibini üýtgetmek synanyşyklaryndan saklanmaga çagyrdy hem-de gazanylan parahatçylygy we durnuklylygy goramagyň möhümdigini aýtdy.

Wan Ýi geljekde hem Hytaýyň özboluşly aýratynlyklaryna laýyk bolan uly döwlet diplomatiýasynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini, goňşy ýurtlar we Ählumumyl Günorta bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyny, dünýäde aç-açanlygy we halkara dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmeklik öňe sürüljekdigini aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026