HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýanwar aýyndan başlap Abu-Dabi şäherine goşmaça gatnawy işe girizýär

Dekabr 31, 2025 | 19:15 |8989
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça uçuş maksatnamasyny giňeldip, goşmaça gatnawy girizýär we şeýlelikde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrýar«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça uçuş maksatnamasyny giňeldip, goşmaça gatnawy girizýär we şeýlelikde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrýar
Çeşme: orient.tm

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça uçuş maksatnamasyny giňeldip, goşmaça gatnawy girizýär we şeýlelikde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrýar. Bu baradaky maglumat awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

Goşmaça gatnaw 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan ýerine ýetirilip başlanar we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. T5-827 belgili gatnaw Aşgabatdan sagat 04:25-de uçup, Abu-Dabi şäherine sagat 05:55-de gonar. Yzyna gaýdýan T5-828 belgili gatnaw Abu-Dabiden sagat 07:25-de uçup, ýerli wagt boýunça sagat 09:55-de Aşgabada geler.

Şol bir wagtyň özünde bu ugur boýunça hereket edýän gatnawlar saklanýar we anna günleri ýerine ýetirilmegini dowam etdirýär. Anna güni T5-825 belgili gatnaw Aşgabatdan sagat 17:45-de uçup, Abu-Dabi şäherine sagat 19:15-de geler. Yzyna gaýdýan T5-826 belgili gatnaw bolsa sagat 21:00-de Abu-Dabiden uçup, ertesi gün sagat 00:30-da Aşgabada gelip ýeter.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026