Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin ýeňillikli wiza ýygymlaryny uzaltdy

Dekabr 29, 2025 | 14:50 |10073
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza ýygymlarynyň wagtlaýyn peseldilmegi baradaky syýasatyň uzaldylandygyny habar berdiHytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza ýygymlarynyň wagtlaýyn peseldilmegi baradaky syýasatyň uzaldylandygyny habar berdi
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza ýygymlarynyň wagtlaýyn peseldilmegi baradaky syýasatyň uzaldylandygyny habar berdi. Ýeňillikli şertler 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder.

Çap edilen maglumata görä, wiza ýygymlarynyň aşakdaky möçberleri bellenildi:

bir gezeklik wiza — 41 ABŞ dollary,

iki gezeklik wiza — 56 ABŞ dollary,

alty aý möhletli köp gezeklik wiza — 206 ABŞ dollary,

bir ýyl möhletli köp gezeklik wiza — 386 ABŞ dollary.

Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçihanasynda bellenilmegine görä, bu çäre wiza amallaryny ýeňilleşdirmäge, şeýle hem iki ýurduň arasynda ynsanperwer we işewür gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Goşmaça maglumatlary we maslahatlary +993 (12) 48 81 05 telefon belgisi arkaly, şeýle hem ashgabat@csm.mfa.gov.cn elektron poçta salgysy boýunça alyp bolýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026