HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat Täze ýyl baýramynyň meşhur ýyldyzlaryny garşy alýar

Dekabr 25, 2025 | 20:35 |10438
Aşgabatda dünýä belli ýyldyzlaryň Täze ýyl konsertleri köpden bäri paýtagtymyzyň şaýollaryny bezeýän umumy baýramçylyk yşyklandyryşy ýaly gowy däbe öwrüldi. 2025-nji ýylyň soňky günlerinde Sportuň gyşky oýun görnüşleri sport toplumy uly aýdym-sazly marafonyň merkezine öwrülerAşgabatda dünýä belli ýyldyzlaryň Täze ýyl konsertleri köpden bäri paýtagtymyzyň şaýollaryny bezeýän umumy baýramçylyk yşyklandyryşy ýaly gowy däbe öwrüldi. 2025-nji ýylyň soňky günlerinde Sportuň gyşky oýun görnüşleri sport toplumy uly aýdym-sazly marafonyň merkezine öwrüler
Çeşme: KHBS

Aşgabatda dünýä belli ýyldyzlaryň Täze ýyl konsertleri köpden bäri paýtagtymyzyň şaýollaryny bezeýän umumy baýramçylyk yşyklandyryşy ýaly gowy däbe öwrüldi. 2025-nji ýylyň soňky günlerinde Sportuň gyşky oýun görnüşleri sport toplumy uly aýdym-sazly marafonyň merkezine öwrüler. Bu ýyl guramaçylar köpdürlüligi ileri tutdy: bize gündogar owazlary, rus hip-hopy we türk romantizmi garaşýar. Sungat işgärleri öz döredijilik toparlary bilen bilelikde gelýärler, bu bolsa tomaşaçylara janly sesi we ýokary derejeli sahna goýluşyny wada berýär.

Araş: Gündogar joşguny (27-nji dekabr)

Marafony meşhur aýdymçy Arash açýar. Eýran gelip çykyşly, “dünýä raýaty” hasaplanýan, gündogar ruhly aýdymçy “Boro Boro” we “Pure Love” ýaly meşhur aýdymlary bilen öz wagtynda dünýä çartlaryny öňdäki orunlary eýeleýärdi. Ol paýtagtymyza ýokary hilli çykyş taýýarlamak üçin öňünden gelýär. Araşyñ sahnadaky çykyşlary hemişe güýçli hyjuw we gündogar öwüşgini bilen tapawutlanýar hem-de öňümizdäki baýramçylyk günlerine ajaýyp badalga berýär.

Arash-Sweden-Stockholm-2024-5.jpg

Mot: Lirika we uly şäheriň hyjuwy (28-nji dekabr)

Gündogar owazlaryndan soň sahna Mot (Matweý Melnikow) çykýar. Artist 19 hünärmenden ybarat topary bilen bilelikde Aşgabada gelip, tomaşaçylara doly derejeli sazly şowhuny hödürlär. Mot çuňňur we çyn ýürekden lirika (“Капкан”, “Август — это ты”) bilen durup bolmajak joşgunly aýdymlaryň arasynda ussatlyk bilen deňagramlylygy saklaýar. Onuň konsertleri hemişe tomaşaçy bilen janly dialog, doly özüni bagyşlamak we ýokary hilli sazlary halaýanlar üçin hakyky sowgatdyr. Hip-hop, jaz we ruhy soul sazlarynyň sazlaşygy baýramçylyk marafonynyň iň duýguly pursatlarynyň birine öwrülmegi wada berýär.

мот.jpg

Semicenk: Türk tolkuny (29-njy dekabr)

Gatnaşyjylaryň sany boýunça iň köpçülikleýin sapar türk fenomeni Semicenk (Jenk Baş) bilen baglanyşykly bolar. Onuň ýany bilen 27 adamdan ybarat uly topar gelýär — bu bolsa çylşyrymly tehniki sahna goýluşyna we giň gerimli sese garaşmaga esas berýär. Häzirki wagtda Semicenk Türkiýede we Merkezi Aziýada iň meşhur artistleriniň biridir. Onuň “Pişman Değilim” we “Canın Sağ Olsun” ýaly aýdymlaryndaky mahmal ýaly ýumşak wokaly rahat, şol bir wagtyň özünde dabaraly Täze ýyl öňýanyndaky ruhy döretmek üçin iň amatlsydyr.

422945041-semicenk-wide.png

Soňky akord (30-njy dekabr)

Baýramçylyk tapgyryny 30-njy dekabrda türkmen estrada ýyldyzlary jemlär. Olar dört günüň dowamynda toplanan ähli hyjuwy bir ýere jemläp, ýurdumyzy 2026-njy ýylyň gelmegi bilen gutlarlar.

Ähli konsertler sagat 18:00-da başlanýar. Janly ses, ýagtylyk we joşgun — Aşgabat 2025-nji ýyl bilen iň ýokary mukamda hoşlaşýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026