HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkish Airlines Aşgabat – Stambul ugurlarynda Business Upgrade hyzmatyny hödürleýär

Dekabr 25, 2025 | 15:45 |10158
Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat – Stambul hem-de Stambul – Aşgabat ugurlarynda Business Upgrade hyzmatynyň işe girizilendigini habar berdiTurkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat – Stambul hem-de Stambul – Aşgabat ugurlarynda Business Upgrade hyzmatynyň işe girizilendigini habar berdi
Çeşme: Turkish Airlines

Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat – Stambul hem-de Stambul – Aşgabat ugurlarynda Business Upgrade hyzmatynyň işe girizilendigini habar berdi. Aksiýa 2025-nji ýylyň 25-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwaryna çenli dowam eder.

Bu teklibiň çäklerinde ekonom-klass bileti bolan ýolagçylar, business-klass kabinasynda boş orunlar bar bolan ýagdaýynda, hyzmat derejesini business-klassa çenli ýokarlandyryp bilerler. Upgrade hyzmatyny howa menzilinde, şeýle hem Turkish Airlines awiakompaniýasynyň resmi internet sahypasynda ýa-da mobil goşundysynda uçuşa 24 sagat galýança resmileşdirmek mümkindir.

Hyzmat derejesini ýokarlandyrmagyň bahasy 315 ABŞ dollary düzýär. Business-klass hyzmatlary bilen birlikde ýolagçylara goşmaça ýüki alyp gitmek mümkinçilikleri hem berilýär.

Business Upgrade hyzmaty ýokary isleg döwründe halkara ugurlarynda ýolagçylara goşmaça rahatlygy üpjün edýär.

Goşmaça maglumatlary Turkish Airlines awiakompaniýasynyň resmi www.turkishairlines.com internet sahypasynda hem-de sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda tapyp bilersiňiz.

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň biletlerini Aşgabat şäherindäki satuw edarasyndan satyn almak bolar. Salgysy: G. Kuliýew köçesi, 39-njy jaý, Ussat binasy.

Elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026