HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Dekabr 25, 2025 | 00:50 |9515
2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan çäre geçirildi2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan çäre geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasy

2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Bu çärä Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň abraýly wekilleri, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, intelligensiýanyň wekileri we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Täjigistanda «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Onuň dowamynda Ilçihananyň işgärleri, Täjigistandaky türkmen jemgyýetiniň wekili A.Bekmyradow, Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň professory H.Umarow, M.S.Osimi adyndaky Täjigistanyň Tehniki uniwersitetiniň tehniki kollejiniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Z.Häkimow, Rus-täjik slawýan uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby M.Atajanowa we başgalar çykyş etdiler.

Täjigistan «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy cykyşlar

Çärede çykyş edenler, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen döwlet Baştutanymyzyň kitabynda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, BMG-synyň baş assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary barada giňden beýan edilýändigi hem-de Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman diplomatiýasyny täze döwrüň şertlerine laýyklykda türkmen halkynyň taryhy mirasynyň dowamaty hökmünde häsiýetlendirip bolar diýip bellediler.

Täjigistanyň Agrar uniwersitetiniň dosenti T.Kamolowa we M.S.Osimi adyndaky Täjigistanyň Tehniki uniwersitetiniň uly mugallymy A.Zokirzoda sertifikatlar

Soňra çäräniň ahyrynda 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirilen “Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky orny” atly halkara ylymy-amaly maslahatyna gatnaşan Täjigistanyň Agrar uniwersitetiniň dosenti T.Kamolowa we M.S.Osimi adyndaky Täjigistanyň Tehniki uniwersitetiniň uly mugallymy A.Zokirzoda bu maslahata üstünlikli gatnaşandyklary üçin iberilen sertifikatlary gowşuryldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026