HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň festiwaly geçirildi

Dekabr 24, 2025 | 16:20 |11319
Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň festiwaly geçirildi. Çärede bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, STEM-usulyýetiniň ösdürilmegi hem-de maglumatlaryň goralmagy ýaly esasy ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Festiwala mugallymlar, talyplar we işewürlik ulgamynyň wekilleri gatnaşdyAşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň festiwaly geçirildi. Çärede bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, STEM-usulyýetiniň ösdürilmegi hem-de maglumatlaryň goralmagy ýaly esasy ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Festiwala mugallymlar, talyplar we işewürlik ulgamynyň wekilleri gatnaşdy
Çeşme: education.gov.tm

Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň festiwaly geçirildi. Çärede bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, STEM-usulyýetiniň ösdürilmegi hem-de maglumatlaryň goralmagy ýaly esasy ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Festiwala mugallymlar, talyplar we işewürlik ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Festiwalyň esasy çäresi hökmünde geljekki hünär derejeleri boýunça bilermenleriň çykyş eden tegelek stoly geçirildi. Orta mekdep we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw prosesine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça amaly sapaklar guraldy.

Kiberhowpsuzlyk meselesine aýratyn üns berildi. Talyplar we hünärmenler degişli okuw-türgenleşiklere gatnaşdylar, şeýle hem tematiki sergide ýurdumyzyň bilim edaralarynda taýýarlanan iň gowy sanly taslamalar görkezildi.

Festiwalyň möhüm bölegi sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi sanly bilim gurşawynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşan hünärmenleri we mugallymlary Hormat hatlary hem-de sowgatlar bilen sylaglady.

Sylaglananlaryň hatarynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, sanly ulgamlaryň bölümleriniň hünärmenleri, şeýle hem welaýat mekdepleriniň mugallymlary bar. Şeýle-de, maglumat howpsuzlygy babatda iň gowy netijeleri görkezen «Kiberbäsleşigiň» ýeňijileri — talyplar we bilermenler aýratyn baýraklara mynasyp boldular.

Festiwal tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. Oňa gatnaşanlar täze okuw usulyýetleri bilen tanyşdylar, işewürlik bilen bilim ulgamy bolsa bilelikdäki maksatlaryny kesgitlediler. Şeýle çäreler ýokary tehnologiýalaryň gündelik okuw prosesine ornaşdyrylmagyna ýardam berýär we Türkmenistanda bilim ulgamyny has döwrebap hem-de ygtybarly edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026