HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Meniň geçiren ýylymy görkez»: ChatGPT-de 2025-nji ýylyň şahsy netijeleriň jemi peýda boldy

Dekabr 24, 2025 | 15:30 |6425
OpenAI kompaniýasy ChatGPT ulanyjylary üçin geçip barýan ýylyň şahsy jemlerini çykarmaga mümkinçilik berýän Year in Review atly täze funksiýany işe girizdi. Indi emeli aň ulanyjynyň işjeňligini seljerip, ýylyň dowamynda näçe gezek habarlaşandygyny, haýsy temalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de näçe sany şekiliň döredilendigini görkezýän hasabaty taýýarlap bilýär.OpenAI kompaniýasy ChatGPT ulanyjylary üçin geçip barýan ýylyň şahsy jemlerini çykarmaga mümkinçilik berýän Year in Review atly täze funksiýany işe girizdi. Indi emeli aň ulanyjynyň işjeňligini seljerip, ýylyň dowamynda näçe gezek habarlaşandygyny, haýsy temalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de näçe sany şekiliň döredilendigini görkezýän hasabaty taýýarlap bilýär.
Çeşme: dzen.ru

OpenAI kompaniýasy ChatGPT ulanyjylary üçin geçip barýan ýylyň şahsy jemlerini çykarmaga mümkinçilik berýän Year in Review atly täze funksiýany işe girizdi. Indi emeli aň ulanyjynyň işjeňligini seljerip, ýylyň dowamynda näçe gezek habarlaşandygyny, haýsy temalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de näçe sany şekiliň döredilendigini görkezýän hasabaty taýýarlap bilýär.

Öz statistikaňy nädip görmeli?

Hasabaty almak üçin çata diňe şu sözlemi ibermek ýeterlikdir: “Show me my year with ChatGPT”. Şondan soň emeli aň siziň soraglaryňyzyň taryhyny gözden geçirip, düşnükli we aýdyň statistikany hödürlär. Ýylyň dowamynda edilen “syýahatyň” ahyrynda bolsa, ulanyjy üçin kiçijik alamatly “sowgat” hem taýýarlanylýar.

Funksiýanyň dogry işlemegi üçin goşundynyň sazlamalarynda “Ýat” (Memory) we “Çat taryhy” (Chat History) funksiýalarynyň işjeň bolmagy hökmanydyr. Häzirki wagtda bu täzelenme ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Täze Zelandiýada we Awstraliýada ulanyjylara tapgyrlaýyn elýeterli edilýär.

Bu funksiýa diňe bir gyzykly mümkinçilik däl. Ol ýylyň dowamynda wagtyňyzyň nähili sarp edilendigine, haýsy pikirleriň üstünde köp durandygyňyza we emeli aňa iň köp berlen soraglaryňyza düşünmäge kömek edýär. Eger-de siz heniz bu mümkinçiligi almadyk bolsaňyz, goşundynyň iň soňky wersiýa çenli täzelenendigine göz ýetiriň. Funksiýanyň beýleki sebitlere-de ýaýradylmagyna ýakyn wagtda garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026