Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistan - Ýaponiýa: kämil hünärmenleri taýýarlamakda ýokary bilim hyzmatdaşlygy

Dekabr 22, 2025 | 22:15 |9524
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, hem-de şol uniwersitet bilen talyp alyş-çalşygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle-de Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildiOguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, hem-de şol uniwersitet bilen talyp alyş-çalşygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle-de Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Çeşme: orient.tm

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde döwlet ähmiýetli birnäçe Ähtnamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, hem-de şol uniwersitet bilen talyp alyş-çalşygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle-de Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Ähtnamalaryň maksady ylym we bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, bilelikdäki maksatnamany döretmekden we özara gyzyklanma bildirilýän ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekden, kämil hünärmenleri taýýarlamak ugrunda giň gerimli işleri alyp barmakdan ybaratdyr. Bu Ähtnamalar Türkmenistan bilen Ýaponiýa döwletiniň ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti häzirki wagta çenli Ýaponiýa döwletiniň bilim edaralary hem-de kompaniýalarynyň jemi 10-sy bilen Ähtnamalara gol çekişdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026