Energiýa geçişi, EA we göni gatnawlar: türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy boýunça ýol kartasynyň mazmuny


TOKIO, 20-nji dekabr | ORIENT. Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň Tokioda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça çap eden bilelikdäki metbugat beýanatynda 2030-njy ýyla çenli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereketlendiriji güýji boljak anyk taslamalar beýan edildi. Eger resmi habarlar syýasy ugry beýan edýän bolsa, onda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen ikitaraplaýyn resminama hyzmatdaşlygyň “senagat ýol kartasyny” aýdyňlaşdyrýar.
Gaz we himiýa: Gyýanlynyň we GTG-2-niň täze durmuşy
Ýapon tarapy Türkmenistanyň iri senagat desgalaryna maýa goýmaga taýýardygyny tassyklady. Resminama laýyklykda, ösüşiň esasy nokatlary şular bolar:
Gyýanly polimer zawody: Ýaponiýa zawodyň doly kuwwatyna ygtybarly çykmagyny üpjün etmek üçin, desganyň düýpli abatlaýyş we tehnologik goldaw boýunça işlerini öz üstüne alýar (2025-nji ýylyň iýul aýyndaky şertnama laýyklykda).
Gyýanlydaky täze ammiak zawody: Taslama işjeň tapgyra geçýär.
Gazdan benzin öndürmek (GTG): Taraplar Ahalda ikinji GTG zawodyny gurmak baradaky meýilnamalary resmi taýdan goldadylar.
Energiýa geçişi
Taraplar uglerod bitaraplygy ugruny tassykladylar. Ýaponiýa «ýaşyl» ammiagy öndürmek we senagaty dekarbonizasiýa etmek (uglerod zyňyndylaryny azaltmak) üçin tehnologiýalary üpjün eder.
Ýokogama şäherinde geçiriljek GREENxEXPO 2027 bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy möhüm ädim bolar, ol ýerde eko-tehnologiýalar ulgamyndaky gazanylan üstünlikler görkeziler.
Kosmosdan gözegçilik
Türkmenistan we Ýaponiýa ekologik gözegçiligiň ýokary tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyga başlaýarlar. Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki hasabatlylyk üçin Ýaponiýanyň GOSAT seriýaly hemralarynyň maglumatlary ulanylar. Bu maglumatlar atmosferanyň ýagdaýyna we parnik gazlarynyň zyňyndylaryna ýokary takyklyk bilen gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.
Göni howa gatnawlary we gümrük
Raýatlar üçin iň gyzykly habarlaryň biri hem Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagyny çaltlandyrmak baradaky çözgüt boldy. Bu ädimiň syýahatçylyga we işewürlik gatnaşyklaryna güýçli itergi berjekdigine garaşylýar. Şunuň bilen birlikde, Orta (Hazarüsti) geçelgesini ösdürmek maksady bilen, Ýaponiýa türkmen gümrük gullugynyň işini sanlylaşdyrmaga goldaw berer.
Emeli aň we IT-meýdança
“EA boýunça Ýaponiýa-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň” işe girizilmegi sanly özgertmeler üçin biýat bolar. Ýaponiýa türkmen hünärmenlerini okatmaga we maglumat alyşmagyň howpsuz ekoulgamlaryny döretmäge goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.
Maýa goýum gurşawy: salgytlar we gorag
Taraplar goşa salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakyndaky Konwensiýanyň güýje girmegi bilen gutladylar. Bu çözgüt özara maýa goýumlar üçin maliýe bökdençliklerini aradan aýyrýar. Mundan başga-da, taraplar Ýaponiýanyň Türkmenistandaky maýa goýumlarynyň halkara goragyny üpjün etjek doly möçberli ikitaraplaýyn maýa goýum ylalaşygyny baglaşmak boýunça gepleşikleri çaltlandyrmak barada ylalaşdylar.








