HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada kansler Iwan Ostermanyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik we sergi açyldy

Dekabr 19, 2025 | 17:30 |7608
Moskwada ýerleşýän Bütinrussiýa haşam sungaty muzeýinde Russiýa imperiýasynyň görnükli diplomaty we kansleri Iwan Ostermana bagyşlanan ýadygärlik açyldyMoskwada ýerleşýän Bütinrussiýa haşam sungaty muzeýinde Russiýa imperiýasynyň görnükli diplomaty we kansleri Iwan Ostermana bagyşlanan ýadygärlik açyldy
Çeşme: interaffairs.ru

Moskwada ýerleşýän Bütinrussiýa haşam sungaty muzeýinde Russiýa imperiýasynyň görnükli diplomaty we kansleri Iwan Ostermana bagyşlanan ýadygärlik açyldy. Ýadygärlik onuň taryhy mülküniň çäginde, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary baradaky hatyrany gorap saklamak boýunça maksatnamasynyň çäklerinde oturdyldy diýip, «Международная жизнь» žurnaly habar berýär.

Şeýle-de ýubileý mynasybetli XVIII asyra degişli seýrek taryhy gymmatlyklary bir ýere jemlän «Russiýa imperiýasynyň kansleri» atly sergi guraldy. Sergide Treťýakow galereýasynyň, Taryh muzeýiniň hem-de A.S. Puşkin adyndaky Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznalaryndan alnan gymmatlyklar görkezilýär. Ekspozisiýada Ostermanlar nesline degişli şahsy zatlar, şaý-sepler, asylzadalaryň geýimleri we imperatorlyk farfory ýerleşdirildi. Bu dürli milli ýygyndylardan alnan özboluşly eksponatlary bir ýerde görmek üçin seýrek mümkinçilikdir.

Bütinrussiýa haşam sungaty muzeýindäki sergä 2026-njy ýylyň 1-nji fewralyna çenli baryp bolýar. Taslama Russiýa diplomatiýasynyň taryhy we imperiýanyň «altyn asyrynyň» medeniýeti bilen gadymy zatlaryň hakyky nusgalary arkaly tanyşmak isleýänleriň hemmesi üçin gyzykly bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026