HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halk Maslahatynyň Başlygy «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Dekabr 18, 2025 | 23:01 |8027
18-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow amerikanyň belli «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy18-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow amerikanyň belli «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy
Çeşme: orient.tm

18-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow amerikanyň belli «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda işewür Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbiniň hemişe özünde ýakymly täsirleri galdyrýandygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sport we syýahatçylyk ulgamlaryna durnukly ösüşiň strategik ugurlary hökmünde garaýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, bu ulgamda döwrebap infrastrukturanyň ösüşi halkara hil standartlaryna, ekologik talaplaryna we innowasion çözgütlere esaslanýar.

Taraplar toplanan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine aýratyn üns berdiler. Ähli halkara standartlaryna laýyk gelýän Aşgabat golf kluby netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň professional golf meýdançalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça alyp barýan işleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz beýanyny tapjakdygyna hem-de ony ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi bu zolagy sebitiň öňdebaryjy dynç alyş we sport merkezine öwürmekde nobatdaky ädim bolar.

Duşuşygyň ahyrynda Jon Riz kompaniýanyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini we dünýä derejesindäki sport infrastrukturasyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026