HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” sammitine gatnaşmak üçin Tokio bardy

Dekabr 18, 2025 | 01:35 |8615
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa bardy. Saparyň maksady “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki birinji sammitine gatnaşmakdan ybaratdyrTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa bardy. Saparyň maksady “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki birinji sammitine gatnaşmakdan ybaratdyr
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa bardy. Saparyň maksady “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki birinji sammitine gatnaşmakdan ybaratdyr.

Şu gezekki sapar döwlet Baştutanynyň 2025-nji ýylyň dowamynda Ýaponiýa amala aşyrýan ikinji saparydyr. Ozal, şu ýylyň aprel aýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “EXPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşmak maksady bilen Osaka şäherine sapary amala aşyrypdy.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar iri möçberli senagat taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berkidilýär. Türkmenistanda “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi Corporation”, “ITOCHU”, “Sojitz” ýaly öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyň netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk önümçilik kärhanalary döredildi: Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawody; Gyýanlyda polimer zawody; Garabogazda karbamid zawody.

Bu taslamalar Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagat taýdan ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy.

Bilim we hünärmenleri taýýarlamak ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Aşgabatda ýapon bilim standartlary boýunça işleýän Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hereket edýär. Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dili işjeň öwredilýär. Munuň özi bolsa iki ýurduň ýaş nesilleriniň arasyndaky uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Öňde boljak sammitde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň Liderleriniň durnukly ösüş, ulag we ýaşyl energiýa ugurlarynda mundan beýläk-de integrasiýa mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar. Sammitiň netijeleri boýunça Tokio Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşa yssy bütin dünýäde täze rekordlary goýýar: Günorta Koreýada 42,5°C, Italiýada we ABŞ-da gyzyl derejeli duýduryşlar yglan edildi

Aşa yssy bütin dünýäde täze rekordlary goýýar: Günorta Koreýada 42,5°C, Italiýada we ABŞ-da gyzyl derejeli duýduryşlar yglan edildi

19:30 Awgust 05, 2026
ABŞ-nyň 25 ştaty paçlar sebäpli Trampa garşy kazyýete ýüz tutdy

ABŞ-nyň 25 ştaty paçlar sebäpli Trampa garşy kazyýete ýüz tutdy

18:00 Awgust 05, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

16:58 Awgust 05, 2026