HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokio taryhy sammiti kabul edýär: 19-20-nji dekabrda Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň Liderleri duşuşarlar

Dekabr 17, 2025 | 23:35 |16358
Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni döwlet Baştutanlarynyň derejesinde ilkinji gezek geçiriljek “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň (CA+JAD) sammitini resmi taýdan tassyklady. Duşuşyk 2025-nji ýylyň 19-20-nji dekabry aralygynda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilerÝaponiýanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni döwlet Baştutanlarynyň derejesinde ilkinji gezek geçiriljek “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň (CA+JAD) sammitini resmi taýdan tassyklady. Duşuşyk 2025-nji ýylyň 19-20-nji dekabry aralygynda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiriler
Çeşme: japantimes.co.jp

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni döwlet Baştutanlarynyň derejesinde ilkinji gezek geçiriljek “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň (CA+JAD) sammitini resmi taýdan tassyklady. Duşuşyk 2025-nji ýylyň 19-20-nji dekabry aralygynda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiriler.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Takaiti Sanae sammite başlyklyk eder. Çärä sebitiň bäş ýurdunyň Prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar: Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň.

Duşuşygyň gün tertibine Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşini goldamak, umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna esaslanýan halkara tertibini berkitmek we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek girýär.

Sammitiň çäginde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” formatyndaky işewürlik forumyny geçirer.

Takaiti Sanae Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn birnäçe gepleşikleri hem geçirer diýip, Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi metbugat beýanatynda bellenilýär.

Bu sammit hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyza ygrarlylygy ýene-de tassyklamagy we özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026