Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝHHG Türkmenistana maliýe howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerini ornaşdyrmaga ýardam edýär

Dekabr 17, 2025 | 20:10 |24315
Paýtagtymyzda ÝHHG-niň (OSCE) üç günläp dowam eden okuw maslahaty tamamlandy. Ol maliýe hukugynyň iň çylşyrymly ugurlarynyň biri bolan jenaýat ýoly bilen gazanylan aktiwleri netijeli mahrum etmek meselelerine bagyşlandy. Bu çäre pul serişdeleriniň bikanun dolandyrylmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek boýunça milli ulgamy pugtalandyrmakda amaly ädim boldy (PÝ/TF)Paýtagtymyzda ÝHHG-niň (OSCE) üç günläp dowam eden okuw maslahaty tamamlandy. Ol maliýe hukugynyň iň çylşyrymly ugurlarynyň biri bolan jenaýat ýoly bilen gazanylan aktiwleri netijeli mahrum etmek meselelerine bagyşlandy. Bu çäre pul serişdeleriniň bikanun dolandyrylmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek boýunça milli ulgamy pugtalandyrmakda amaly ädim boldy (PÝ/TF)
Çeşme: ÝHHG

Paýtagtymyzda ÝHHG-niň (OSCE) üç günläp dowam eden okuw maslahaty tamamlandy. Ol maliýe hukugynyň iň çylşyrymly ugurlarynyň biri bolan jenaýat ýoly bilen gazanylan aktiwleri netijeli mahrum etmek meselelerine bagyşlandy. Bu çäre pul serişdeleriniň bikanun dolandyrylmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek boýunça milli ulgamy pugtalandyrmakda amaly ädim boldy (PÝ/TF).

Türkmenistan öz kanunçylygyny halkara talaplara laýyk getirmek ugrunda işjeň çäreleri durmuşa geçirýär. Geçirilen seminar döwlet gullukçylaryna Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) hem-de ählumumy düzgünleşdiriji gurama bolan FATF-niň (Maliýe çärelerini işläp düzmek boýunça topar) tekliplerini ýerine ýetirmäge taýýarlyk görmäge mümkinçilik berdi.

Esasy maksat — jenaýat işleriniň ykdysady taýdan peýdasyz bolmagyny üpjün etmek, şeýle hem bikanun ýol bilen gazanylan emlägiň alynmagy boýunça gurallaryň anyk we aç-açan işlemegini gazanmakdan ybaratdyr.

Bilermenler özara hukuk kömegine, aktiwleri doňdurmak we yzyna almak meselelerine degişli tekliplere, şeýle hem yzyna almak boýunça statistiki maglumatlara aýratyn üns berdiler we olary durmuşa geçirmek boýunça öňdebaryjy tejribeleri hödürlediler.

Seminar diňe nazaryýet bilen çäklenmedi. Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Içeri işler ministrliginiň, Ýokary kazyýetiniň we Statistika barsdaky döwlet komitetiniň wekilleri Ýewraziýa topary tarapyndan geçirilen Türkmenistanyň PÝ/TF ulgamynyň Özara baha bermek hasabatynyň maglumatlaryna esaslanan amaly meseleleri çözdi.

«ÝHHG 57 gatnaşyjy döwletde maliýe dolandyryşynyň ygtybarly ulgamlaryny goldamaga doly ygrarlydyr. Biz Türkmenistana milli ulgamyň dünýäniň iň ýokary standartlaryna laýyk getirilmegi ugrunda işjeň ýardam edýäris», — diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň wekili Oliwera Zurowak-Kuzman nygtady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026