HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa we ABŞ: Bişkek “B5+1” görnüşindäki ikinji işewürler forumyny kabul eder

Dekabr 16, 2025 | 23:45 |8097
Gyrgyzstanyň paýtagtynda diplomatik korpus üçin “B5+1” görnüşindäki ikinji foruma taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin brifing geçirildi. 2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleriniň, sebitiň işewür toparlarynyň we ABŞ-ly hyzmatdaşlarynyň arasynda göni dialog üçin esasy meýdança öwrülerGyrgyzstanyň paýtagtynda diplomatik korpus üçin “B5+1” görnüşindäki ikinji foruma taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin brifing geçirildi. 2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleriniň, sebitiň işewür toparlarynyň we ABŞ-ly hyzmatdaşlarynyň arasynda göni dialog üçin esasy meýdança öwrüler
Çeşme: mineconom.gov.kg

Gyrgyzstanyň paýtagtynda diplomatik korpus üçin “B5+1” görnüşindäki ikinji foruma taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin brifing geçirildi. 2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleriniň, sebitiň işewür toparlarynyň we ABŞ-ly hyzmatdaşlarynyň arasynda göni dialog üçin esasy meýdança öwrüler.

Öňde boljak forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň Liderleriniň 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda geçirilen sammitde gazanan ylalaşyklarynyň gönüden-göni dowamydyr.

“B5+1” görnüşindäki forumy – bu diňe pikir alyşmalar bolman, eýsem esasy ykdysady pudaklara maýa goýumlaryny we tehnologiýalary çekmek üçin amaly guraldyr. Bişkekde bäş strategik ugra aýratyn üns berler:

Oba hojalygy: oba hojalyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy we azyk howpsuzlygy.

Ulag we logistika: sebitleýin geçelgeleriň ösdürilmegi we söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi.

Elektron söwda we IT: sanly çözgütleriň iş proseslerine ornaşdyrylmagy.

Möhüm minerallar: strategik çig mallary çykarmakda we gaýtadan işlemekde hyzmatdaşlyk.

Bank we syýahatçylyk: maliýe durnuklylygyny berkitmek we syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek.

“B5+1” formatynyň esasy aýratynlygy döwlet we hususy pudaklaryň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlykdyr. Türkmen telekeçileri üçin bu öz taslamalaryny halkara maliýe edaralaryna hödürlemek we täze eksport bazarlaryna çykmak üçin hyzmatdaşlary tapmak üçin özboluşly mümkinçilikdir.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, Forumyň Gyrgyzstanyň paýtagtynda geçirilmegi sebit ýurtlarynyň çuňňur integrasiýa we bitewi, maýa goýum taýdan özüne çekiji Merkezi Aziýa bazaryny döretmek islegini tassyklaýar.

“B5+1” platformasy Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny — Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany — ABŞ bilen birleşdirýän “C5+1” diplomatik başlangyjynyň işewür hyzmatdaşy bolup hyzmat edýär. Halkara hususy telekeçilik merkezi (CIPE) tarapyndan “Merkezi Aziýada işewürlik gurşawyny gowulandyrmak” (IBECA) maksatnamasynyň çäginde işe girizilen “B5+1” platformasy ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan goldanylýar we işewürligiň öňdebaryjylary we syýasatçylaryň arasynda ýokary derejeli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir.

“B5+1” formatyndaky birinji forumy 2024-nji ýylyň mart aýynda Almatyda geçirildi. Ol sebit hyzmatdaşlygyna we baglanyşygyna, hususan-da, hususy pudagyň “C5+1” ykdysady we energiýa geçelgeleriniň maksatlaryny goldamak üçin ygtyýarlandyrylmagyna gönükdirildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026