HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäde ilkinji robotly kontakt haýwanat bagy Germaniýada açyldy

Dekabr 16, 2025 | 17:00 |7758
Germaniýanyň Karlsrue şäherindäki ZKM Çeperçilik muzeýi Electronic Petting Zoo atly taslamany işe girizdi — bu dünýäde ilkinji robotly kontakt haýwanat bagydyrGermaniýanyň Karlsrue şäherindäki ZKM Çeperçilik muzeýi Electronic Petting Zoo atly taslamany işe girizdi — bu dünýäde ilkinji robotly kontakt haýwanat bagydyr
Çeşme: zkm.de

Germaniýanyň Karlsrue şäherindäki ZKM Çeperçilik muzeýi Electronic Petting Zoo atly taslamany işe girizdi — bu dünýäde ilkinji robotly kontakt haýwanat bagydyr. Bu ýerde janly haýwanlaryň deregine emeli aň (EA) arkaly dolandyrylýan 10 sany robot deňiz doňuzy bar.

30-njy noýabrdan başlap, myhmanlar bu ýumşak robotlary anti-kafe ýörelgesine laýyklykda mugt sypalap, olar bilen “aragatnaşyk” gurup bilerler. Her bir deňiz doňuzy özboluşly häsiýetli EA-agenti bilen üpjün edilendir: biri mandarinleri gowy görýär, beýlekisi bolsa ýokary derejeli intellektual gürrüňleri halaýar.

Taslamanyň döredijileri onuň esasy maksadynyň hakyky durmuş bilen programma boýunça döredilen hereketleriň arasyndaky tapawudy görkezmekdigini, diri gatnaşygy çalyşmak däldigini belleýärler. Haýwanat bagy EA-niň empatiýa we jogapkärçilik meselelerindäki ornuna düşünmäge itergi bermäge gönükdirilendir, bu aýratyn-da çagalar üçin peýdalydyr.

Bu taslama Casio-nyň Moflin ýa-da Huawei-niň Smart Hanhan ýaly EA-haýwanlar bilen bagly dünýä möçberindäki tendensiýany hem görkezýär. Emma Electronic Petting Zoo “programmirlenen aladanyň” ýalňyzlyk meselesini näderejede çözüp biljekdigine tankydy garaýşy hödürleýär.

Haýwanat bagy 2026-njy ýylyň 2-nji awgustyna çenli açyk bolar. Bir mugt sessiýanyň dowamlylygy — 30 minut.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026