HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýangyç-energetika toplumynyň ösüş ugurlary: Türkmenistan “Ýaşyl” standartlara üns berýär

Dekabr 14, 2025 | 23:14 |5924
Şu gün Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenildi. Baýramçylygyň senesi çuňňur simwoliki häsiýete eýedir: 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan – Hytaý halkara gaz geçirijisi işe girizildi, bu bolsa ýurduň eksport ugurlarynyň giň möçberli diwersifikasiýasynyň başlangyjyny alamatlandyrdyŞu gün Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenildi. Baýramçylygyň senesi çuňňur simwoliki häsiýete eýedir: 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan – Hytaý halkara gaz geçirijisi işe girizildi, bu bolsa ýurduň eksport ugurlarynyň giň möçberli diwersifikasiýasynyň başlangyjyny alamatlandyrdy
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 14-nji dekabr | ORIENT. Şu gün Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenildi. Baýramçylygyň senesi çuňňur simwoliki häsiýete eýedir: 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan – Hytaý halkara gaz geçirijisi işe girizildi, bu bolsa ýurduň eksport ugurlarynyň giň möçberli diwersifikasiýasynyň başlangyjyny alamatlandyrdy.

Hünär baýramyna we hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gabatlanyp geçirilen dabaraly maslahat Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gutlag sözleri bilen başlady.

Döwlet Baştutanynyň gutlagynda ýokary taýýarlykly hünärmenleriň yhlasly zähmeti bilen uly üstünlikleriň gazanylýandygyny hem-de uglewodorod gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hatarynda Türkmenistanyň ornuny berkitmäge ýardam berýändigini nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow strategik maksady kesgitledi: uglewodorod serişdelerini, ilkinji nobatda, halkyň, geljek nesilleriň we goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygynyň bähbitleri üçin ulanmak.

Bu maksady amala aşyrmagy üpjün edýän möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan – Hytaý we Gündogar – Günbatar gaz geçirijileri, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisi bellenildi.

Maslahatda TOPH taslamasynyň ösüşine aýratyn üns berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň möhüm böleginiň — Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata berendigi bellenildi.

Çykyş edenler pudagyň geljekki wezipelere ünsi çekip, daşky gurşawy goramak düzgünlerine berk eýermegiň möhümdigini nygtadylar. Uglewodorod känli ulanyş guýularyndan çig malyň çykarylmagy ekologiýa standartlaryna laýyklykda alnyp barylmalydyr. Iň kämil halkara tejribelerini ulanmak arkaly howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak üçin ähli tagallalar edilmelidir.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň bu ugurda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Baýramçylyk çäresi ýangyç-energetika toplumynyň has gowy tapawutlanan işgärlerini we pudagyň üstünliklerine bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, şeýle hem sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsert bilen tamamlandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026