HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Aşgabada geldi

Dekabr 12, 2025 | 11:50 |7849
Düýn, 11-nji dekabrda Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldiDüýn, 11-nji dekabrda Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi
Çeşme: Central Asia media

Düýn, 11-nji dekabrda Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi.

Belent mertebeli myhmanyň bu sapary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara derejeli dabaralara gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýarlar.

Türk döwletiniň Baştutanyny Aşgabadyň halkara howa menzilinde resmi adamlar garşy aldylar. Bu sapar Türkiye bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Prezident Ärdogan bilen birlikde Türkmenistana onuň maşgalasy – Emine Ärdogan, daşary işler ministri Hakan Fidan, energiýa we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Prezident Administrasiýasynyň Aragatnaşyk müdirliginiň ýolbaşçysy Burhanetdin Duran, Milli Howpsuzlyk Gullugynyň (MİT) başlygy Ibragim Kalyn, Prezidentiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça baş geňeşçisi Akif Çagataý Kylyç hem-de Türki Döwletleriniň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym geldiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026