HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

Dekabr 11, 2025 | 15:30 |8635
Bu çözgüt Komitetiň 24 agzasynyň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu bolsa garaşsyz bilermenleriň we ÝUNESKO-nyň baha beriş toparynyň ýokary we oňyn seljermesine esaslanýar.Bu çözgüt Komitetiň 24 agzasynyň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu bolsa garaşsyz bilermenleriň we ÝUNESKO-nyň baha beriş toparynyň ýokary we oňyn seljermesine esaslanýar.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň hödürlän “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” atly hödürnamanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi barada gutarnykly çözgüt kabul edildi.

iskusstvo-razvedeniya-turkmenskogo-alabaya-vklyucheno-v-reprezentativnyj-spisok-nematerialnogo-kulturnogo-naslediya-chelovechestva-yunesko1.jpg

Bu çözgüt Komitetiň 24 agzasynyň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu bolsa garaşsyz bilermenleriň we ÝUNESKO-nyň baha beriş toparynyň ýokary we oňyn seljermesine esaslanýar.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan “Türkmen alabaýlary” Halkara assosiasiýasy bilen bilelikde taýýarlanan hödürnama bukjasyna ussatlaryň, itşynaslyk bilen meşgullanýan maşgalalaryň, alym-barlagçylaryň, şeýle hem alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň meşhur bilermenleriniň we muşdaklarynyň giňden gatnaşmagy girizildi. Munuň özi hödürnamanyň taýýarlanylyşynda bu däbi dowam etdirýän adamlaryň işjeň gatnaşmagynyň nusgalyk mysaly hökmünde bellenildi we bu ugurda aýallaryň möhüm ornuna aýratyn üns berildi.

iskusstvo-razvedeniya-turkmenskogo-alabaya-vklyucheno-v-reprezentativnyj-spisok-nematerialnogo-kulturnogo-naslediya-chelovechestva-yunesko2.jpg

Döwlet syýasatynyň çäklerinde ýerli häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary we däbi dowam etdirýänler bilen ysnyşykly işleşip, bu sungaty goramak boýunça toplumlaýyn we yzygiderli çärelere ýokary baha berildi. Bu çäreler türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däpleriniň durnuklylygyny üpjün edýär we nesilleriň dowamatlygyny berkitýär.

Mejlisiň dowamynda döwletleriň Konwensiýanyň çäginde dürli sanawlara girizmek üçin hödürlän 66 milli we köpmilli hödürnamalar ara alnyp maslahatlanyldy. Olardan 54-si Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, 11-si Gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň sanawyna, 1-i Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça iň gowy tejribeleriň sanawyna girizilmäge hödürlenendir.

Hökümetara komitetiniň mejlisiniň işi şu ýylyň 13-nji dekabryna çenli dowam eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026