HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Beýin üçin Fitbit”: Awear AI arkaly stresi dolandyrmaga kömek edýär

Dekabr 10, 2025 | 15:00 |7218
Inžener Antonio Forenza tarapyndan esaslandyrylan startap Awear atly enjamy — beýniniň işjeňligini yzygiderli gözegçilikde saklamak we psihologiki stresi dolandyrmak üçin niýetlenen ykjam fitnes-trekeriň alternatiw görnüşini taýýarlady.Inžener Antonio Forenza tarapyndan esaslandyrylan startap Awear atly enjamy — beýniniň işjeňligini yzygiderli gözegçilikde saklamak we psihologiki stresi dolandyrmak üçin niýetlenen ykjam fitnes-trekeriň alternatiw görnüşini taýýarlady.
Çeşme: techcrunch.com

Inžener Antonio Forenza tarapyndan esaslandyrylan startap Awear atly enjamy — beýniniň işjeňligini yzygiderli gözegçilikde saklamak we psihologiki stresi dolandyrmak üçin niýetlenen ykjam fitnes-trekeriň alternatiw görnüşini taýýarlady.

Ozal Apple Watch arkaly fiziki işjeňligini yzarlaýan Forenza, mental saglygy üçin hem şoňa meňzeş serişdäni döretmegi maksat edinipdir. Öz inženerlik tejribesine daýanyp, ol gulagyň aňyrsyna berkidilýän we beýniniň elektrik işjeňligini ýüze çykarmak hem-de ölçemek üçin elektroensefalografiýany (EEG) ulanýan Awear enjamyny işläp taýýarlady.

Awear ýokary ýygylykly beta tolkunlaryny ölçeýär — psihologiki stresiň görkezijisi hasaplanýan bu tolkunlaryň uzak wagtdan bäri saklanylmagy hroniki ýadamaga, ukysyzlyga we psihiki bozulmalara sebäp bolup biler.

Toplanylan maglumatlar mobil programma üpjünçiligine geçirilýär. Emeli aň bolsa ulanyjynyň ruhy ýagdaýy barada maglumat berip, stresi dolandyrmak we emosional durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin ýörite maslahatlary hödürleýär. Işläp taýýarlaýjynyň sözlerine görä, Awear saglyga zyýan ýetirmezden öň aşa dartgynlygy wagtynda azaltmaga mümkinçilik berýär.

Enjam eýýäm ýokary baha aldy: ol TechCrunch Disrupt 2025 maslahatynyň ýeňijisi boldy we “Saglyk” ugry boýunça prezentasiýa-bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Häzirki wagtda Stenford uniwersitetiniň psihiatriýa kafedrasy Awear enjamyny garry adamlarda düşünjäniň bulaşyklygyny anyklamak üçin synagdan geçirýär.

Enjam aýratyn ulanyjylar üçin irki elýeterlilik maksatnamasy boýunça $195 bahadan we ömürlik programma abunalygy bilen satyn alynyp bilner. Startap 2026-njy ýylyň başynda $5 million maliýeleşdirmäni almagy meýilleşdirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026