Türkmenistan bilen Katar ynsanperwer hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýarlar


Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ynsanperwer we durmuş ulgamlarda hususan-da çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek maksady bilen Katar döwletine sapary amala aşyrdy.
Saparyň esasy wakalary – Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habaryna esaslanýan synymyzda.
Ählumumy meýdançada diplomatiýa
Sapar “Diplomatiýa, dialog, dürlülik” şygary astynda geçirilýän Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak bilen başlady. Bu iri halkara meýdança ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we netijeli çözgütleri işläp düzmek üçin birinji tapgyr boldy.

Oguljahan Atabaýewa forumyň çäklerinde “Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek” atly tematiki sessiýa gatnaşdy. Öz çykyşynda Oguljahan Atabaýewa çagalar hakda alada etmegiň türkmen halkynyň ahlak ýörelgeleriniň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýändigini nygtady.
Gaznanyň wise-prezidenti Türkmenistanyň syýasatynyň inkluziw gurşawy döretmäge we bilim, lukmançylyk kömegi we hukuk goragy ýaly serişdelere elýeterlilik arkaly deň mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.
Dohadaky duşuşyklar
Saparyň dowamynda türkmen-katar gatnaşyklarynyň maksatnamalaýyn häsiýetini tassyklaýan birnäçe ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi:
— Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşykda katar tarapy Gaznanyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi we bu saparyň iki ýurduň çagalaryň has gowy geljegini üpjün etmek ugrundaky tagallalaryny pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
— Jemgyýetçilik ösüş we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými bilen geçirilen duşuşdyk iki ýurduň arasyndaky syýasy, diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň depginli ösüşine ýokary baha berildi.
— Bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater bilen duşuşykda taraplar çagalaryň abadançylygy we olaryň ösüşinde bilimiň esasy orny meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we tejribe alyşmaga isleglerini tassykladylar.
— Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser bilen geçirilen duşuşykda katar tarapynyň Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigi we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň möhümdigi nygtaldy.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda Oguljahan Atabaýewa 10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahata gatnaşmaga resmi çakylyklary gowşurdy.
Gaznanyň ählumumy ynsanperwer ugurly işleri
Saparyň dowamynda Haýyr-sahawat gaznasynyň işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gazna, geçen dört ýylyň dowamynda (2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredildi) Türkiýede, Russiýada, Owganystanda, Palestinada, Täjigistanda we beýleki ýurtlarda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara kömek we goldawlary berdi.
Gaznanyň ynsanperwerlik, rehimdarlyk we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan işleri Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde halkara borçlaryna ygrarlydygyny görkezýär we türkmen halkynyň baý ynsanperwer däplerini bütin dünýäde wagyz edýär.
Şeýle hem saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Yslam sungaty muzeýine we “Sidra” saglyk merkezine baryp gördiler. Türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine sapary ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze, strategik mümkinçilikleri açyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm tapgyr boldy.
ORIENT








