Kalplar bile sazlaşanda: Maryda ruhlandyryjy inklýuziw konserti geçirildi


7-nji dekabrda Mary şäherinde hakykatdan-da mähirlikden doly we ruhlandyryjy çäre — dürli nesilleri we mümkinçilikleri bolan adamlary bir sahnada birleşdiren “Ýürekden – From the Heart” atly inklýuziw konserti geçirildi. Bu çärede çagalar, ýaşlar, pensionerler, maýyplar hem-de meýletinçiler bir sahnada çykyş etdiler.
Çäräniň guramaçysy — jemgyýetçilik we medeni taslamalary amala aşyrýan «Däp-Dessur» Hojalyk jemgyýeti bolup, oňa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat şahamçasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Çagalar gaznasynyň goldaw berdiler.

Konsertiň maksady — açyk inklýuziw giňişligi döretmek we dürli ugurlardaky zehinleri goldamak boldy. Agşamky dabarany açmak bilen, «Däp-Dessur» HJ-niň direktory Şirin Jojyýewa çäräniň emosional täsirini belledi:
«Bu gün sahnada ýüreginde mähir, zehin we batyrlyk saklaýan adamlar çykyş edýär. Her bir çykyş — kiçijik ýeňiş, kiçijik gudrat, ýürege barýan kiçijik bir hekaýa».

Agşamky maksatnama şol köpdürlüligi doly açyp görkezdi: çagalaryň we milli aýdym-saz çykyşlary boldy, Mary şäherindäki Sagaldyş-okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlary we okuwçylary çykyş etdiler, «Däp-Dessur» HJ-niň Işjeň pensionerler gurnagynyň agzalary tans kompozisiýasyny görkezdi, Baýramaly şäheriniň Maýyplaryň bedenterbiýe we sport gurnagynyň gatnaşyjylary bolsa teatrlaşdyrylan sahna bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary şahamçasynyň meýletinçileri birnäçe aýdym-saz eserini ýerine ýetirdiler — olaryň arasynda sazandalaryň dueti we hemmeleriň ýüregine ýeten «Прекрасное далеко» aýdymy hem bardy.
«Biz sahnada çykyş edemizde, bizi diňleýändiklerini we görýändiklerini duýýarys. Bu bolsa bize öňe gitmäge güýç we ylham berýär» - diýip, Baýramalydan gelen gatnaşyjy öz duýgulary bilen paýlaşdy.

Agşamky çäräniň aýratyn pursatlarynyň biri — gatnaşyjy zenanlar tarapyndan taýýarlanan uly nagyşly gurnama panno — gurama boldy. Zala gelýänleriň her biri ýörite taýýarlanan “ýürekde” öz nyşanyny goýup bilerdi. Şeýlelikde, bu eser ähli gatnaşyjylary ýakynlaşdyran bitewi döredijilik eserine öwrüldi.

Şeýle hem gatnaşyjylaryň öz elleri bilen ýasan önümleriniň kiçi sergisi guraldy. Bu sergi olaryň şahsy aýratynlyklaryny, ussatlygyny we ruhy ýagtylygyny açyp görkezdi.
Konsert hemmeleriň bilelikde «Arkadagly Serdarym» aýdymy ýerine ýetirmegi we gatnaşyjylar hem-de myhmanlar bilen ýadygärlik surata düşülmegi bilen tamamlandy.

Bu çäre guramaçy «Däp-Dessur» Hojalyk jemgyýetiniň işindäki ýene bir üstünlikli ädim boldy. Gurama inklýuziw tejribeleri ilerletmek, ilatyň ejiz goragly toparlaryny goldamak we medeni mirasy gorap saklamak bilen meşgullanýar. Şeýle jemgyýetçilik we medeni başlangyçlar jemgyýetçilik aragatnaşyklaryny berkitmäge, meýletinçiligi ösdürmäge hem-de mähir we medeni bitewilik gymmatlyklaryny wagyz etmäge gönükdirilendir.

ORIENT








