HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana sapar bilen geler

Dekabr 08, 2025 | 00:55 |11516
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýakyn günlerde Türkmenistana we Gazagystana sapar ederEýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýakyn günlerde Türkmenistana we Gazagystana sapar eder
Çeşme: tabnak.ir

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýakyn günlerde Türkmenistana we Gazagystana sapar eder. Eýranyň MNA agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Esmail Bagai aýtdy.

Gelejekki sapar baradaky habar Tähranyň sebitdäki işjeň diplomatik işleriniň maksatnamasynynda beýän edildi. Eýranyň DIM-iniň wekili Esmail Bagai Aşgabada we Astana boljak saparlary baradaky teswirler bilen birlikde, Azerbaýjan bilen häzirki wagtda alnyp barylýan maslahatlaşmalary, şeýle hem Russiýanyň we Belarusyň ýokary derejeli resmileri bilen öňde boljak duşuşyklary belläp geçdi.

Bu işjeňlik Eýranyň Hazar sebitindäki we Merkezi Aziýadaky goňşulary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ileri tutýan ugurlaryna şaýatlyk edýär.

Aşgabada saparyň resmi maksady ilki başda yglan edilmedik bolsa-da, Prezident Pezeşkianyň Türkmenistana saparynyň iri halkara çäreleriň çäklerinde geçirilmegine garaşylýar. Ýakyn günlerde Türkmenistanyň paýtagtynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy geçiriler, ol duşuşyk üçin mümkin bolan meýdança bolup biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026